Türkmençe

Aýperi

Printer-friendly versionSend to friendPDF version

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda, dünýäniň ýüzünde
ýeke täk bir patyşa bar eken. Bu patyşanyň hem bir ogly, bir aýaly bolup,
başga maşgalasy ýok eken.
Patyşanyň ogly ulalyp, ep-esli bolansoň, kakasyna:
– Meni bazara äkit – diýen. Patyşa oňa: – Indiki bazar güni
äkiderin – diýip, söz beripdir.
Bu patyşanyň ýedi gat jaýy bar eken, emma patyşa ol jaýlaryň
açaryny ogluna bermän, aýalynyň saçynyň arasynda gizläp goýýamyşyn.
Oglan ol açary aljak bolup, ejesinden şu bela dilese-de, ejesi
bermez eken.
Bir gün ejesi öýde uklap ýatyrka, oglan ejesiniň saçyndan ýedi gat
jaýyň açaryny alyp, tamlary açmaga başlapdyr.
Açyp görse, birinji tam durşy bilen gyzyl, ikinjisi kümüş,
üçünjisinde iki sany at bar eken, dördünji tam durşuna patyşanyň
geýimlerinden doly eken. Bäşinji jaýda patyşanyň özüniň, aýalynyň hem
oglunyň kümüşden suraty bar eken.
Altynjy jaýda hiç zat ýok eken, emma ol örän oňat bezelip
goýlanmyş. Oglan ýedinji tamyň gapysyny açanda, tas çaşan eken. Jaýyň
bir diwarynda bir periniň suraty bar eken. Oglan ony görüp, beýhuş
bolup ýykylypdyr.
Oglanyň ejesi turup saçyna seretse, açar ýok. Ol: „Işim gaýtdy”
diýip, jaýa tarap ylgan. Görse, tam açyk dur. Ýedinji tama barsa, ýaňky
suraty görüp, hem çaşyp ýykylan.
Şol wagt patyşa aýaly bilen ogluny gözlemäge duran, emma
tapman, bu hem ýedinji jaýa gelip görse, ogly bilen aýaly, beýhuş bolup
ýatyrlar.
Patyşa bulara derman berip, huşuna getiripdir.
Oglan huşuna gelip, kakasyndan ýüz tümen pul sorapdyr. Ol ýüz
tümen puly alyp, bazara aýlanyp ýörkä, bir adam kiçijik bir gürjüjik
satyp ýör eken.
Oglan gürji satýandan:
– Güjügiňi satjakmy? – diýip, soran.
Ol adam:
– Hawa, satjak – diýen.
– Näme häsiýeti bar?
– Munuň häsiýeti ýaman däl, elmydama yzyňa düşer ýörer, başyňa
bir iş düşse hem kömegi deger.
– Bahasy näçe?
– Ýüz tümen.
Ol oglan muny satyn alypdyr. Öýlerine getirip, öz itleriniň arasyna
goýberipdir.
Ertesi oglan ýene kakasyndan ýüz tümen alyp, bazarlamaga gaýdýar.
Ýene bir adam eline bir kiçijik tokmajyk alyp, ony satjak bolup
aýlanyp ýör ekeni. Oglan muny hem satyn aljak bolupdyr.
– Tokmagyňy satjakmy?
– Hawa, satýaryn.
– Näçä satarsyň?
– Aý, ýüz tümen dagy bolsa beräýerin.
– Onuň näme häsiýeti bar?
– Bir adamyny ur diýseň, derrew baryp tokuladyp, urup öldürýär.
– Bolýar, men alaýyn – diýip, oglan bu tokmajygy hem alan.
Öýlerine getirip, dullaryna oklan.
Kakasy ogluna: – Bu bolgusyz zatlary alyp näme etjek? – diýen.
Onda oglan:
– Munuň hem peýdasynyň degen ýeri bolar – diýip, aýdan.
Erte bazara gidende bu oglan kakasyndan bir müň tümen alan.
Ýene bazara aýlanyp ýören. Görse, bir adam bir ýelmaýany
owsarlap, satmak üçin aýlanyp ýör.
Bu oglan onuň ýanyna baryp:
– Ýelmaýaňy näçä satjak? – diýen.
– Bir müň tümen bolsa beräýerin.
– Bu ýelmaýaň näme häsiýeti bar?
– Bir göz açyp, ýumasy salymda, birnäçe menzil ýoly geçýär.
Oglan bu ýelmaýany hem bir müň tümen berip satyn alyp, ony
öýlerine getirip, daňýar. Soň ejesinden bir tamdyr işlekli nan bişirip
bermegini haýyş edýär. Ejesi hem bişirip beren. Soň bir uly horjun
hem tikdiren.
Ertesi ir bilen turup, ýelmaýanyň üstüne horjuny atýar. Horjunyň
bir tarapyny gyzyldan doldurup, beýleki tarapyna hem ejesiniň bişirip
beren işlekli nanyny salyp, Aýperiniň gözlegine çykan.
Patyşa bu perä aşyk bolsa-da, ony hiç alyp bilmändir. Onuň ugrunda
birnäçe müň goşuny gyrdyrypdyr.
Oglan gidip barýarka, öňünden üç sany adam bir adamyny çişe
düzüp alyp barýan ekenler. Oglan bularyň hem gapdalyndan dazyrdadyp
geçiberen.
Ep-esli gidensoň öz-özünden:
– Men näme üçin ýaňkylardan habar almadymkam? – diýip, pikir
edip, soň ýelmaýany yzyna öwrüp gelýär-de, ol adamlardan:
– Bu pahyr adamy beýle horlap, nirä alyp barýarsyňyz? – diýen.
Olaryň biri:
– Seniň nä işiň nirä alyp baranymyzda? – diýse, ýene biri:
– Bar, öz işiň bilen boluber, biz bilen näme işiň bar? – diýipdir.
Üçünjisi:
– Muňa Jeýhun diýerler, bu dünýäde hiç kime tutdurmaz hem
dünýäde hiç kime ot ýakdyrmaz, biz şindem muny uklap ýatyrka tutduk
– diýenler.
Oglan:
– Şu adamyny goýberiň, men size gyzyl bereýin – diýen.
Olaryň biri:
– Seniň ýalakyda hem gyzyl bolarmy? – diýip, göwniýetmezçilik
eden.
Ýene biri:
– Aý ýok, muny goýbermek bolmaz – diýen.
Onda oglan:
– Hany ýaglygyňyzy ýere ýazyň, men size näçe isleseňiz gyzyl
bereýin – diýen. Bularyň birisi ýaglygy ýazypdyr weli, oglan onuň
ýaglygyna üç goşawuç gyzyl guýupdyr. Bular indi Jeýhundan bizar
bolup, maňa ýetenok-da, maňa ýetenok – diýip, uruşmaga başlapdyrlar.
Jeýhun bolsa olaryň ellerinden sypyp gaçypdyr. Bu oglan hem öz ugruna
gidiberipdir.
Gidip barýarka, öňünden ýaňky Jeýhun çykyp:
– Eý, oglan, sen nirä barýarsyň? – diýip, soran. Oglan muňa:
– Men Aýperini almaga barýaryn – diýip jogap beripdir.
Jeýhun ýene:
– Eý, oglum, men seniň eden ýagşylyklaryň üçin, seni özüme
ogullyk alynjak, sen hem meni ataň hasap et, her näçe kyn hem bolsa,
men saňa Aýperini alyp bererin – diýipdir.
Bu oglan hem munuň diýenini kabul edipdir. Oglan:
– Atam, gel, onda sen bir salym ýelmaýa mün, men ýöräýin, sen
hem dynjyňy alarsyň – diýipdir. Onda Jeýhun:
– Ýok, oglum, sen arkaýyn bolaý, men ýöresem hem seniň
ýelmaýaňdan galmaryn – diýip, jogap beren.
Oglan ýene ýelmaýasyna münüp, ýola düşüp ugrapdyr.
Gidip barýarka, oglan öňe seretse, müň çakyrym öňünden bir zat
barýarmyş. Ýelmaýany her näçe sürhä-sür edip haýdasa-da, hiç yzyndan
ýetip bilmändir.
Ahyrynda gygyrypdyr weli, bu gara zat ýaňky Jeýhun eken-ä.
Bular kyrk gije-gündiz ýol ýöräpdirler. Ahyry bir ojarlyk ýere
ýetipdirler. Bu ýerde düşläpdirler.
Jeýhun:
– Men biraz uklap turýançam, şu ojardan ýyg – diýip, oglana
sargapdyr-da, özi ýatypdyr. Oglan hem haýdap, ojar ýygmaga başlapdyr.
Bir sagatda iki goltuk odun ýygypdyr.
Jeýhun ukudan oýanyp:
– Baý-ba, hemme ýygan ojaryň hem şulmy? – diýen.
Oglan hem: – Hawa, – diýen.
Ondan soň, Jeýhun elini eýläk-beýläk aýlapdyr, her aýlanda hem
bir öýüň garasy ýaly ojar ýygypdyr. Ondan soň oglana bakyp:
– Oglum, sen şu agaçlaryň biri gutarsa, birini otla, men häzir
Aýperini alyp geleýin – diýen. Oglan hem: – Bolýar – diýipdir.
Jeýhun Aýperini almaga gidipdir. Baryp Aýperiniň bolýan jaýyna
seretse, Aýperi sandygyň içinde gulply, onuň bir sim, bir pişik, ýedi
sany döw we bir garry aýal saklawy bar eken.
Jeýhun tüýnükden girip, ýuwaşlyk bilen sandygy göterip gaçypdyr
weli, sim zyryň edipdir, pişik maw edipdir, döwler gygyrypdyr. Garry
kempir hem adamlara habar bermäge gidipdir.
Jeýhun Aýperini oglanyň ýanyna getirse, ol iki üýşmek ojary hem
ýakyp, uklap galypdyr. Gürji bolsa, onuň töwereginde pyr-pyr aýlanyp
durmuş, tokmajyk ojar ýygýarmyş, ýelmaýa hem onuň ýygan ojarlaryny
bir ýere daşaýarmyş.
Jeýhun oglany turzup, oňa:
– Men bir ýere baryp gelýänçäm, sen şu ýerde gymyldaman otur.
Ileriňden bir gara at geler, gaýraňdan hem bir gara at geler, olar biri-
biri bilen urşar, biri-biriniň teninden ýolup alyp, eýläk-beýläk zyňar.
Olara eliňi-aýagyňy gymyldadaýmagyn. Olar döwdür, eger
gymyldaýsaň, olar sandygy alyp giderler – diýen. Oglan hem „bolýar”
diýen.
Şeý diýip, Jeýhun öz işine gidipdir.
Oglan otyrka eýlesinden bir gara at, beýlesinden bir gara at gelip,
uruşmaga başlapdyr. Olar bir-birleriniň hamlaryny ýolup alyp, eýläk-
beýläk zyňmaga duran.
Oglan ahyry dözmän elini galgadyp, baryň, gidiň – diýip, olary
kowupdyram weli, gapdalyndaky sandyga seretse, ol eýýäm ýokmyş.
Oglan oturyp, aglamaga başlapdyr. Birnäçe wagtdan soň, Jeýhun
gelip görse, oglan aglap otyr: „Näme üçin aglaýarsyň?” diýip, sorasa:
„Men ol janawerlere dözmän, kowdum weli, sandygy alyp gidipdirler”
– diýen. Jeýhun:
– Zeleli ýok, men ýene gidip getirerin, sen ony gaýgy etme – diýen.
Ondan soň Jeýhun ýene öýüň garasy ýaly ojar ýygyp berip, Aýperini
getirmäge gidipdir.
Baryp görse, saklawy öňküden iki esse köp goýlupdyr.
Jeýhun Aýperini alyp gaýdýar weli, iki sim waryň edip ses eden.
Iki pişik biri-biri bilen uruşmaga başlan, on dört döw ýeri depip, tamy
ýykýarlar, iki garry hem: “Men öň aýtjakda, men öň aýtjak” – diýşip,
bir-biriniň kellesini ýaranmyş.
Jeýhun Aýperini oglanyň ýanyna getirenden soň, oglany bir ýere
iberip şeýle diýen:
– Bu ýerden gidip bir jaýa bararsyň, şonuň bir çakyrym bäri ýanyna
baraňda, Jeýhun kakam iberdi diýgin, ýogsa bir aýal seni derrew iýer –
diýen. Ol aýalyň ýanyna baryp, bir tamdyr nan bişirip ber diýersiň.
Bişirip berer weli, öýleriniň ýanynda bir derýa bardyr. Eliňe bir pil
alyp, şol derýanyň kenarynda oturarsyň. Soň şol bir tamdyr nanyň
hemmesini döwüm-döwümden derýa atar oturarsyň. Ahyrynda bir el
ýaly bölek nanyň galar. Şol wagt aňyrdan suwuň içi bilen suwy iki
tarapa bölüp, bir zat gelýändir, bu balykdyr. Ýaňky galan nanyňy hem
suwuň içine atman, bir gyrasyna atarsyň. Bu balyk hem ony aljak bolup,
kenara çykar weli, ýaňky piliň bilen ony çaparsyň. Şol balygyň içinde
bir gapyrjak bardyr, ony açarsyň, ol dört gatdyr. Şonuň iň kiçi
gapyrjagyny meniň ýanyma alyp gel – diýip, aýdan.
Şundan soň oglan ýola düşüp ugran we hemmesini Jeýhunyň
tabşyryşy ýaly edip, iň kiçi gapyrjagy alyp, Jeýhunyň ýanyna baran.
Jeýhun bu gapyrjagy açsa, içinde bir çüýşe bar ekeni. Bu çüýşäni döwüp
görse, ol kyrk gat ekeni. Iň kiçi gatynda on dört sany gurçuk bar ekeni.
Bu gurçuklaryň içinde bir ulusy bar ekeni. Jeýhun şu uly gurçugy
gysýar weli, ýaňky Aýperiniň soňky saklawynda duran döwler:
– Waý aga, näme hyzmat bar? – diýşip, haşlaşyp gelenler.
Bu gurçuklar döwleriň jany eken.
Jeýhun olara:
– Bizi pylan patyşanyň (oglanyň kakasynyň) ýurduna näçe wagtda
eltersiňiz? – diýen.
Döwler:
– Iki sagatda – diýen. Jeýhun ýene ýaňky gurçugy gysyberen weli,
döwler ýarym sagatda elteli, waý, öldürmäweri, zalywat – diýenler.
Bularyň her biri bir döwe münüp, göz açyp-ýumasy salymda
patyşanyň ýurduna gelenmiş.
Jeýhun derrew döwlere kyrk gat jaý gurduran. Soňra Aýperini hem
sandygyndan çykaryp, kyrk gat jaýyň iň ýokarsyna mündürip, oglany
hem ýanyna eltenler.
Jeýhun bulara nika gyýyp, döwlere hem jogap beren. Oglana hem:
– Men öz ýurduma bir aýlaň-çaýlaň edeýin, size hem üç döwüň
janyny bereýin, gerek wagty gysarsyňyz – diýip, ýola düşüp, öz ýurduna
giden.
Oglan bütin gije uklaman, Aýperiniň aý ýaly ýüzüne seredip ýatan.
Aýperi hem oglany söýen. Olar bütin gijäni aýşy-eşretde geçirenler.
Ertir patyşa tursa, iki tarapyndan hem gün dogupdyr. Patyşa:
– Bu gün-ä, öz günümiz, ol gün nämekä? Baryň, görüň – diýip,
bir adam iberen.
Adamlar gelip görse, patyşanyň ogly Aýperi bilen gujaklaşyp otyr.
Olar patyşanyň ýanyna gelip:
– Seniň ogluň Aýperi bilen gujaklaşyp otyr eken. Bu ýagty şonuň
ýalkymy eken – diýip, habar berenler.
Patyşa muňa gaty gazaplanan.
– Meniň alyp bilmedik perimi oglum alypdyr, men ony öldürip,
perini özüm alaýyn – diýen pikir bilen derrew urşa taýýarlanmaga duran.
Şol wagt mekir kenizleriň biri patyşanyň ýanyna gelip:
– Adamlary gyrgyna berip alýançaň, ony gowy gören bolup,
myhmançylyga çagyr-da, awy berip öldür, ol gelse, biz onuň oturjak
ýerine iňňe dürteris, şonuň bilen, ony öldüreris – diýen.
Patyşa: Meniň oglum ertir myhmançylyga gelsin – diýip, adam
iberen.
Oglan: – Bolýar, ertir bararyn – diýip jogap beripdir.
Agşam Aýperi oglana:
– Sen baranyňda, öýleriniň dulunda bir sübse bardyr, oturanyňda
şony aşagyňa goýup oturgyn, bolmasa, hemme ýere iňňe dürtendirler,
otursaň çümer. Soňra saňa patyşa bilen palaw bererler welin, sen
patyşanyň öňünden iýgin, öz öňüň awulydyr. Iýseň, ölersiň – diýip,
bir-bir tabşyran.
Oglan ertir turup, patyşanyň jaýyna baran. Patyşa ony garşylan.
Öýlerine girip görse, üsti körpekçeli, per ýassykly ýer bar, patyşa hem
ogluna:
– Geç, ine, myhmanyň ýeri – diýen bolup, hödür eden.
Oglan duldaky sübsäni alyp, şonuň üstünde oturan.
Ondan soň palaw getirenler. Oglan hem alyp, patyşanyň öňünden
iýmäge başlan. Soň turup, öýüne gaýdan.
Patyşa: „Munuň bilen-ä bolmady” diýip, ýene wezirleriniň birine
maslahat salan. Ol wezir:
– Muny iki sany adam bilen awa ibermeli. Suwsuz äkitmeli. Soň
mazaly suwsanda, gözüni oýdursa, suw bermeli, bolmasa bermeli däl.
Gözüni alanlaryndan soň bolsa, gurruga taşlap gaýtmaly – diýen.
Ertesi patyşanyň awçylaryndan biri oglanyň ýanyna baryp:
– Ýör, dost, aw awlamaga gideli – diýen. Oglan hem awa gitmäge
razy bolup, ertir gitmäge söz beren. Awçy gowusy şu gün gideli –
diýen. Oglan razy bolup, gürjüsini alyp, soň suw göterinjek bolan.
Onda awçy:
– Biz suwy köp aldyk, sen almasaň hem bolar – diýen.
Bular ýola düşýärler. Örän uzaga gidenler. Ahyry oglan suwsap,
suw dilän, emma oňa suw bermändirler. Oglan gidip-gidip, halys
çydaman, ýene suw diläpdir:
Şonda awçylar:
– Bir gözüňi berseň, bir käse suw berjek, iki gözüňi berseň, iki
käse suw berjek – diýenler. Oglan nalaç bir gözüni berip, suw içen.
Ýene aňry giden, ýene oglan suw dilän. Şeýdip, suw berip, onuň beýleki
gözüni hem oýupdyrlar. Soňra awçylar ony gurruk guýa taşlap, oba
gelenmiş.
Indi sözi Jeýhundan eşidiň.
Jeýhun gelip, oglany sorasa, Aýperi: „Awa gitdi” diýip, jogap beren.
Soňra Jeýhun şolarda ýaşaberipdir.
Patyşa awçylar gelenden soň, Aýperä hüjüm etmäge başlan. Emma
Jeýhun olara berk jogap beren.
Patyşa näme etjegini bilmän, sansyz goşun ýygnap, Aýperini güýç
bilen almagy karar eden.
Indi habary guýa atylan oglandan eşidiň. Bir gün oglanyň gürjüsi
Aýperiniň ýanyna gelip, hasylap duran. Aýperi oňa ýarty nan beren.
Gürji ony iýmän, getirip oglanyň bolýan guýusynyň içine taşlan. Oglan
oňa adamdyr öýdüp: „Kaka” diýse, gürjüsi waňk-waňk edýär.
– Gürjim eken-ow – diýip, nany iýiberen.
Ertesi ýene gürji Aýperiniň ýanyna gelen. Ol hem ýene bir ýarty
nan berip, bir sanaçjygy hem tikip suwdan doldurýar-da, gürjüniň agzyna
tutduran. Gürji hem ýene gidiberen. Olary hem eltip, oglana beren.
Ertesi gürji gelmänkä, Aýperi Jeýhuna:
– Seniň ogluňa bir zat bolandyr, onuň gürjüsi günde gelýär, nan
bersem hem, iýmän äkidýär. Belkäm, ol ony ogluňa äkidýändir.
Şu gün geler welin, sen garama-gara yzyna düşüp git, belki, bir
ýerde ýatandyr – diýen.
Ýene-de gürji gelen. Jeýhun hem onuň agzyna ýarty nan beren-de,
yzyna düşüp ugran.
Gürji baryp, guýynyň agzyndan ýarty çöregi taşlan. Jeýhun baryp:
„Oglum” diýse, oglan içinde ýatan eken.
Soň oglany çykaryp, öýe alyp gelen. Aýperi:
– Wah, şu wagt munuň gözi bolsa, bejerip bolardy – diýen. Şol
wagt gürji agzyndan oglanyň iki gözüni hem çykaryp beren.
Aýperi hem gözleri alyp, ýerinde oturdan, üstünden bir sypan weli,
oglanyň gözi öňküsinden hem ýagty bolan.
Oglan Jeýhuna patyşa kakasyny öldürmegi maslahat beren, hem-
de kakasyna hat ýazyp, şeýle habar eden: „Akmak patyşa, sen kim bilen
oýun salýanlygyňy bil, ertir urşa taýar bol, bolmasa, men seniň düýp-
teýkaryňa sogan ekerin”.
Soň oglan bu haty gürjüsinden iberen. Ertesi patyşa goşunyny
sürüp gelen.
Jeýhun döwlere maslyklary çekmegi we olary iýip ýok etmekligi
tabşyran, tokmajyk duşmanlary urup öldürmeli. Gürji hem tokmaga
kömek bermeli. Jeýhun bilen oglan ikisi hem söweşe girmeli. Aýperi
bolsa, oňa tomaşa edip oturmaly.
Uruş başlanan. Jeýhun bilen oglan gylyçly duşman bilen söweşe
girýärler, emma tokmajyk bulara zat ýetirmeýär. Ol duşmanyň her biriniň
kellesine bir „tok” edýär weli, duşman ölüp ýatyberýär eken. Şeýdip,
ol „tok, tok” edip, duşmany paýhynlap barýarmyş. Ahyry ol duşmanyň
hemme goşunyny gyran. Tokmak patyşany hem öldürip, onuň iň uly
bölegini gulagy ýaly eden. Şunluk bilen uruş gutaran.
Oglan kakasynyň ýerine patyşa bolup, Aýperi bilen döwran
sürmäge başlanmyş.