Daniýada okuw okamak barada maglumat
| Ýurduň ady: |
Daniýa |
| Ýerleşýän ýeri: |
Demirgazyk Ýewropa |
| Meýdany: |
43 müň 98,31 km2 |
| Ilaty: |
5 milýon 519 müň 441 (2009-njy ýyldaky hasaplara görä) |
| Paýtagty: |
Kopengagen |
| Dili: |
Dança |
| Ykdysatyýeti: | Ösen ykdysadyýeti bar. Kişi başyna düşýän ýyllyk puluň mukdary boýunça dünýäde 16-njy. |
| Näme üçin Daniýa? |
- Döwlediň girdejisiniň 8%-i ylym we bilime harjanylýar. Bu hem Daniýany dünýäde girdejisiniň iň köp bölegini ylym we bilime harjaýan döwlet ornunda goýýar.
- Okamak üçin 130-dan gowrak halkara derejesinde iňlis dilinde programma bar
- Halkyň aglabasy (80%-i) iňlis dilinde gepläp bilýär.
- Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
- Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar
|
| Haýsy ugurlarda okamak amatly: |
- Kompýuter tehnologiýasy
- Biotehnologiýa
- Tebigaty goramak we biologiýa
- Azyk önümleriniň öndürilişi
- Tehnologiýa we ylymyň tehnika agyrlyk berýän ugurlary.
|
| Ýokary okuw derejeleri: |
- Uniwersitet (Bakalawr) derejesi -3 ýyl
- Masterlik derejesi -2 ýyl
- Doktorlyk derejesi - 3 ýyl
|
| Okuw jaýlary barada: | http://studyindenmark.dk/institutions |
| Halkara derejesindäki bakalawr, masterlik we doktorlyk programmalary barada: |
Şu saýtdan bu programmalary agtaryp bilersiňiz: http://studyindenmark.dk/study-programmes/programmes-in-english |
| Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: |
Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir. |
| Okuw we ýaşaýyş üçin pul: |
Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (çagny bizden hem) ýyllyk okuw puly 6000 bilen 16000 ýewro arasy. Ýaşaýyş puly bolsa aýlyk ortaça 600-700 ýewro töweregi. |
| Stipendiýa(lar): |
Erasmus Mundus stipendiýasyndan we Daniýanyň bilim ministrliginiň stipendiýalaryndan peýdalanyp
bilersiňiz. Doktorlyk derejesi we ylmy gözleg üçin bolsa The Researcher's Mobility Portal salgysyna nazar aýlaň. |
| Ýaşaýyş ýeri barada maglumat: | Aýlyk jaý kireýi 200-500 ýewro arasy. Goşmaça maglumatlar üçin http://studyindenmark.dk/student-life/living-in-denmark/accomodation salgysyna serediň. |
| Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada: | Daniýada galmaga rugsat alan kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy şu rugsady alanyňyzdan soň 6 hepdäniň içinde başlaýar. Goşmaça maglumatlar üçin: http://studyindenmark.dk/student-life/living-in-denmark/residence-and-work-permit |
| Wiza: |
- Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
- Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy, ýagny her aý iň azyndan 500 ýewro tölär ýaly ýagdaýyňyzyň barlygy
|
| Ilçihana barada maglumat: |
Daniýanyň Orsýetdäki ilçihanasy Türkmenistanyň
raýatlaryna wiza berýär. Ýöne az wagtlaýyn wiza üçin Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutmaly. |