Türkmençe

Finlandiýada okuw

Printer-friendly versionSend to friendPDF version


Finlandiýada okuw okamak barada maglumat
Ýurduň ady: Finlandiýa
Ýerleşýän ýeri: Skandinaw ýarym adasy
Meýdany: 338 müň 424 km2
Ilaty: 5 milýon 342 müň 344 (2009-njy ýyldaky hasaplara görä)
Paýtagty: Helsinki
Dili: Fin we Şwed dilleri
Ykdysatyýeti:Ösen ykdysadyýeti bar
Näme üçin Finlandiýa?
  • Okamak üçin 400-den gowrak halkara derejesinde programma bar
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar
Haýsy ugurlarda okamak amatly:
  • Arhitektura we binalaryň dizaýny
  • Tebigaty goramak we biologiýa
  • Tehnologiýa we ylymyň tehnika agyrlyk berýän ugurlary (Nokia firmasy finlerin firmasydyr.)
Ýokary okuw derejeleri:
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi -3 ýyl
  • Masterlik derejesi -2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi - 4 ýyl
Okuw jaýlary barada:http://www.oph.fi
Halkara derejesindäki bakalawr, masterlik we doktorlyk programmalary barada: Şu saýtdan bu programmalary agtaryp bilersiňiz: http://www.studyinfinland.fi/studying/international_study_programmes.html
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir.
Okuw we ýaşaýyş üçin pul: Finlandiýada häzire çenli okuw üçin pul alynmaýardy, ýöne 11-nji iýun 2009-njy ýylda çykan täze kanuna görä indi ýokary okuw jaýlary Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan okuw puluny alyp bilerler. Şonuň üçin hem biziň raýatlarymyzdan hem pul alyp bilerler. Ýaşaýyş puly bolsa aýlyk ortaça 700 ýewro töweregi.
Stipendiýa(lar): Erasmus Mundus stipendiýasyndan we masterlik ylmy derejesini alanyňyzdan soň bolsa CIMO stipendiýasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:http://www.soa.fi
Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:http://www.kela.fi
Wiza:
  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
  2. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy, ýagny her aý iň azyndan 500 ýewro tölär ýaly ýagdaýyňyzyň barlygy
Ilçihana barada maglumat:
Goşmaça maglumatlar
Pul birligi€ = ýewro
Uniwersitetleriň sany: Jemi 20 bolup olaryň:
  • 10-synda birnäçe fakultetler bar
  • 3 sanysy tehnologiýa uniwersiteti
  • 3 sanysy ykdysadyçet we biznes dolandyryjylygy barada
  • 4 sanysy sungat akademiýasy
Politehniki institutlaryň (tejribä köp agyrlyk berýän uniwersitetler) sany: Jemi 26 bolup 133 müňden gowrak talyp bu politehniki institutlarda okaýarlar.
Ylmy gözlege aýrylýan pul:Ýurduň ykdysatyýetiniň 3%-i
Ylmy gözleg barada giňişleýin maglumat Iňlis dilinde:http://www.aka.fi/eracareers
Daşary ýurtda alynan ylmy derejeleriň kabul edilişi barada maglumat:http://www.oph.fi/recognition
Finlandiýanyň bilim ministrligi:http://www.minedu.fi
Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt:http://www.eurydice.org
Halkara talyplaryň başga döwletleriň uniwersitetlerinde okamagyna kömek edýän gurama:http://www.isep.org/index.html

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Finlandiýada okuw barada maglumatlar: http://www.studyinfinland.fi/
  3. Finlandiýa barada staistiki maglumatlar: http://www.stat.fi
  4. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php

Comments

Eger bu ýurtda okaýan bolsaňyz pikiriňizi paýlaşyň

Eger bu ýurtda okaýan ýa-da ýaşaýan bolsaňyz pikiriňizi paýlaşsaňyz köp kişä has peýdaly bolup biler.