Fransiýada okuw

Printer-friendly versionSend to friendPDF version
Ýurduň ady: 
Fransiýa
Ýerleşýän ýeri: 
Günbatar Ýewropa
Paýtagty: 
Pariž
Meýdany: 
674 müň 842 km2
Ilaty: 
65 milýon 447 müň (2010-njy ýylyň hasaplaryna görä)
Dili: 
Fransuz dili
Ykdysatyýeti: 
Ösen ykdysadyýeti bar.
Näme üçin bu döwletde okuw?: 
  • Bu döwletde berilýän bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär.
  • Asuda we demokratiki döwlet
  • Ýokary hilli uniwersitetleri bar
  • Daşary ýurtlylaryň sany köp
  • Fransuz diline öwrenmek gaty ýeňil bolmasa-da bu dili bilmek bilen başga-da birnäçe öňki fransuz koloniýalarynda arkaýyn gepleşip bilersiňiz.
Haýsy ugurlarda okamak amatly: 

Beýleki günbatar döwletlerinde bolşy ýaly bu ýurtda hem gaty köp ugurda ýokary derejede bili almak mümkin. Lukmançylyk we inženerlik ugurlary meşhurlaryň arasynda.

Ýokary okuw derejeleri: 
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3 ýyl
  • Masterlik derejesi: 2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi: 3 ýyl
Okuw jaýlary barada: 

Fransiýanyň 83 uniwersitetinde 700-den gowrak ugurda okamak mümkin. Olardan başga-da 6-aýlyk ýa-da 1 ýyllyk tejribe okuwlaryny okamak hem mümkin.

Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: 

Gerekli bolan dokumentler beýleki günbatar ýurtlary ýaly. Mysal üçin Şwesiýada okamak bölümine seredip bilersiňiz.

Okuw üçin ýyllyk pul: 
$1000-2000
Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: 
$7000-8000
Saglyk ätiýaçlandyrmasy: 

Ýyllyk 200 € töweregi pul bilen saglyk almak mümkin. Elbetde bu iň ýönekeý zatlar üçin köp ugurly ätiýaçlandrma üçin gerek bolan pul köpräk bolar.

Stipendiýalar: 

Birnäçe stipendiýalar bar ýöne olaryň köpüsi bize degişli däl. Şonuň üçin hem olar saýhallanyp soňra bu sahypa ýerleşdiriljekdir. Bu saýtyň Stipendiýalar sahypasyna serediň.

Wiza: 

Wiza üçin gerekli bolan dokumentler beýleki günbatar döwletleriniňkä meňzeş. Mysal üçin Şwesiýada wiza bölümine seredip bilersiňiz.
 
Has anyk maglumatlar üçin Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan maglumat alyp bilersiňiz.

Ilçihana barada maglumat: 

Ilçi : M. Pierre LEBOVICS
Salgy : 35, кöç. 2029 (öňki Esgerler köçesi) 744000 Aşgabat
Telefon: [993] (12) 36 35 50 / 36 34 68 Ilçihananyň faksy : (993 12) 36 35 46
Konsulstwonyň faksy : (993 12) 36 36 40
Internet : http://www.ambafrance-achgabat.org/
E-Hat adresi: cad.achgabat-amba@diplomatie.gouv.fr
Iş wagty we iş gün däl günler
Wiza bölümi duşenbe, çarşenbe we anna günleri sagat 10-dan 12 aralygynda işleýär.
Giriş Ilçihananyň gapysyndan sähelçe daşlykda ýerleşýän ikinji gapydan.
Ilçihana sagat duşenbe, anna günleri aralykda 9-dan 13-e we sagat 14-den 18-e çenli işleýär.
Ilçihananyň işlemeýän günleri :

Täze ýyl güni Duşenbe, 1-nji ýanwar Bahar baýramy Anna, 20-nji mart Iş baýramy sişenbe, 1-nji maý 1945 ýyl ýeňiş güni sişenbe, 8-nji maý Milli baýramçylyk sişenbe, 14-nji iýul Ýatlama güni sişenbe, 6-njy oktýabr Türkmen milli baýramçylygy sişenbe, 27-nji oktýabr 1918 ýyl ýaraşyk güni çarşenbe, 11 noýabr Bitaraplyk güni anna, 11-nji dekabr Roždestwo sişenbe 25-nji dekabr Gurban Baýramy bellemeli



Goşmaça maglumatlar: 

Uly şäherler bilen kiçi şäherleriň arasynda öý kireýinde gaty uly tapawut bar. Şonuň üçinem kiçi şäherleri seçmek iň dogrusy.