Germaniýa
Germaniýa 80 milýondan gowrak ilaty, Türkmenistandan biraz kiçiräk tutýan meýdany, trilýonlarça dollarlyk ykdysadyýeti bilen diňe bir ýerleşýän ýeri bolan Ýewropada däl eýsem dünýäde-de gaty uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bizi gyzyklandyrýan mesele bolsa bu döwletiň bilim ulgamy we biziň döwletimiziň raýatlarynyň bu döwletde okama mümkinçilikleridir. Ýöne esasy meselämize geçmezden ozal Germaniýa barada gysgaça maglumatlary owrenmek peýdaly bolar.
Aşakda käbir kişileri gyzyklandyryp biljek soraglara jogap berilendir. Bu maglumatlaryň hemmesi diýen ýaly DAAD-yň Internet sahypalaryndan alyndy.
S: Germaniýada okamak üçin birinji ugramagym gerek bolan internet salgysy haýsy salgy?
J: www.daad.de
S: Germaniýada haýsy derejelerde bilim berilýär?
J: Bakalawr, Master we Doktor derejeleri we biziň öňki SSSR döwründäki diplom diýilýän (entägem diplom diýýäris) Diplom derejesi bilen Magister derejesi berilýär. Soňky iki dereje 2010-njy ýyla çenli mümkin ondan soňra bu derejelerde okuw bermezlik maksady bar Germaniýanyň. 2007 ýylynyň başynda german rektorlar konferensiýasyndan alynan maglumatlara görä uniwersitetlerde we ýokary okuw mekdeplerinde 23000 sany professor bolup, 8865 sany birinji dereje (bakalawr) berýän kurs bar we 2807 sany hem ikinji dereje (Masterlik, Doktorlyk we Doktorlyk soňrasy okuw derejesi) berýän kurs bar.
S: Germaniýada okamak üçin näçerek gözden çykarmak gerek?
J: Ilçiligiň wiza bermesi üçin her aýlygyna iň azyndan 500 ýewro gerek, bu-da ýylda 6000 ýewro diýmek bolýar.
S: Bu pul gaty köp dälmi?
J: Dogry biziň üçin bu uly pul, ýöne bu işiň başga ýollary-da bar.
S: Başga nahili ýollar bar?
J: Stipendiýalar: Mysal üçin ikinji derejeli okuw programmalary üçin Türkmenistanlylar üçin 51 sany DAAD-yň daşynda we 13 sany hem DAAD-yň öz stipendiýasy bar.
S: Bu stipendiýalaryň hemmesi okuwyň soňuna çenli berilermi?
J: Bu stipendiýalaryň hemmesi okuw üçin däl, mysäl üçin käsi diňe ýaz döwründe 3 aýlyk okuw üçin berilýär. Ýöne umuman aýdanda birnäçe mümkinçilikler bar.
S: German dilini men nähili derejede bilmeli?
J: TestDaF diýilýän synagy geçjek derejede bilmeli. Giňişleýin maglumat üçin Aşgabatdaky german ilçihanasyndan maglumat edinilip biliner. Gysgaça okanyňy aňlap we düşündirip bilseň ýeterlikli bolar.
S: Haýsy şaherlerde okamak amatly?
J: Bize görä, meniä pikirimçe köp kişä görä, kiçi şäherler has amatly bolup durýar. Çünki bu döwletde öý kireýleri gaty gymmat bolup bilýär uly şäherlerde, belki-de kiçi şäherleriň iki essesi bolup biler.
S: Uniwersitetleriň abraýy barada agzaldy, nädip uniwersitetleriň abraýy barada öwrenip bilerin?
J: Uniwersitetleriň abraýy bölüme görä üýtgäp biler, munuň üçin iň gowusy www.daad.de salgysyna ugrap giňişleýin maglumatlar edinmek.
S: Ýaşar ýaly ýeri gaýtmazdan öň nädip tapyp bilerin?
J: Uniwersitetleriň sahypalarynda bu barada giňişleýin maglumatlar berilýär we mundan başga-da bu iş bilen meşgul bolýan ýörite kişiler bar olara kömek soramak iň dogry karar, çünki her şähere görä ýagdaýlar üýtgäp bilýär. Bulardan başga-da www.studentenwerke.de salgysyna girip umumy maglumat edinip bilersiňiz.
S: DAAD hakynda giňişleýin maglumat nireden edinip bilerin?
J: Aşgabatdaky german ilçihanasyndan. Elbetde Internetde rus dilinde hem ýeterlik derejede maglumat bar.
S: Germanlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy nirede ýerleşýär?
J: Aşgabadyň "Ak Altyn" myhmanasynda.