Türkmençe

Kanadada okuw

Printer-friendly versionSend to friendPDF version
Ýurduň ady: 
Kanada
Ýerleşýän ýeri: 
Demirgazyk Amerika
Paýtagty: 
Ottawa
Meýdany: 
9 milýon 984 müň 670
Ilaty: 
34 milýondan gowrak
Dili: 
Iňlis we Fransuz dilleri
Ykdysatyýeti: 
Ösen ykdysadyýeti bar.
Näme üçin bu döwletde okuw?: 
  • Iňlis dilini öwrenmek üçin amatly döwlet
  • Asuda we demokratiki döwlet
  • Ýokary hilli uniwersitetleri bar
  • Daşary ýurtlylaryň sany köp
Haýsy ugurlarda okamak amatly: 
  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Soňky döwür tehnologiýasy: nanotehnologiýa, biotehnologiýa,elektrotehnologiýanyň ugurlary we beýlekiler
  • Aragatnaşyk ugurlary
  • Deňiz we balykçylyk ugurlary
  • Iňlis dili ýa-da Fransuz dilinde okap bilersiňiz
Ýokary okuw derejeleri: 
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-4 ýyl
  • Masterlik derejesi: 1-2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
Okuw jaýlary barada: 
Kanadadaky uniwersitetlerde okuw Sentýabrdan başlap Maý aýyna çenli dowam edýär. Uniwersitetlerde 1000-den 35000-e ýakyn talyp bolup bilýär. Garaz uniwersitetlerdäki talyp sany uniwersitetden uniwersitete görä gaty uly tapawutly bolup bilýär. TOEFL we IELTS ýaly iňlis dilini bilýändigiňizi subut edýän ekzamenleriň netijesi Kanadada hem kabul edilýär. Ýöne fransuz dilinde okamak isleýänler üçin beýle ýöriteleşdirilen ekzamenler ýok.
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: 
Ýokary okuw jaýyna girmek üçin gerek bolan dokumentler umuman alanyňda Angliýadaky ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin gerek bolan dokumentler ýaly. Onunň üçin http://www.bayjan.com/angliyadaOkuw salgysyndaky okap bilersiňiz. Käbir uniwersitetler goşmaça dokument isläp bilerler. Onuň üçin hem aşakdaky Goşmaça maglumatlar bölümindäki salgylardan peýdalanyp bilersiňiz.
Okuw üçin ýyllyk pul: 
$10000-12000
Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: 
$4000-5000
Saglyk ätiýaçlandyrmasy: 
Kanadada okamak üçin saglyk ätiýaçlandyrmasy gerekli.
Stipendiýalar: 
Birnäçe stipendiýalar bar ýöne olaryň köpüsi bize degişli däl. Şonuň üçin hem olar saýhallanyp soňra bu sahypa ýerleşdiriljekdir. Stipendiýalar baradaky maglumatlar üçin bu internet salgysyna nazar aýlaň http://www.bayjan.com/stipendiyalar
Wiza: 
  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty we bu hatda şu aşakdakylar bellenilip geçilen bolmaly:
    • Okaýan sapagyňyzy anyk belli edilen bolmaly
    • Okuwa gerekli bolan puluň mukdary ýazylan bolmaly we siziň bu puly eýýäm töländigiňiz hemme bellenilip geçilmeli
    • Eger Kanadanyň Kübek (Québec) welaýatynda okamak isleseňiz onda CAQ diýilýän rugsady hem almagyňyz gerek
  2. Bu okuwy okar ýaly derejededigiňiziň subutnamasy. Mysal üçin Iňlis dilini ýeterlik bilýändigiňiz (gerekli bolan dereje ýokarda bellenilip geçilendir)
  3. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy
  4. Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument
  5. Elbetde hemişe gerek bolan zatlar bolan pasport, pasport surady ýaly zatlary hem unutmazlyk gerek.
Ilçihana barada maglumat: 
Kanadanyň Ankaradaky (Türkýe) ilçihanasy Türkmenistandan hem jogapkär.
Salgy: Kanadanyň Immigrasiýa bölümi, Cinnah Caddesi 58, 06690, Çankaya, Ankara
Poçta salgysy: Kanadanyň Immigrasiýa bölümi, Cinnah Caddesi 58, 06690, Çankaya, Ankara
Telefon: (312) 409-2800
Fax: (312) 409-2714
Internet salgysy: http://geo.international.gc.ca/canada-europa/turkey/menu-en.aspx
Işleýän wagtlary: Duşenbe: 08:30 - 17:45, Anna: 08:30 - 13:00
Jaňlaşmaga açyk wagtlary: Duşenbe-Penşenbe 9:00 bilen 10:30 arasy (Türkiýe wagty bilen).
Your rating: None Average: 3 (2 votes)