Bu sitäniň asyl maksady Türkmen halkynyň, medeniýetiniň, diliniň we döwletiniň tanadylmasynda şänik ýalyjak hem bolsa goşant goşmakdyr. Onuň üçin bu sitedäki maglumatlar birnäçe dilde bolar, çünki bize bizi tanatmagyň ýerine ilki bilen daşardan seredýänlere bizi tanatmakdyr. Ädiljek ilkinji ädim bu ugurda kellesini döwýän kişileriň:
Bulardan başga-da ylym-bilim, sungat, edebiýat we başga-da birnäçe gyzykly bolup biljek mowzuklarda peýdaly maglumatlar türkmen dilinde bu ýerde ýerleşdirilijekdir.Bu sitäniň hiç bir syýasy maksady ýokdur we sitedäki köprüleriň (link-leriň) görkezýän salgysyndaky maglumatlardan-da jogapkär däldir.Ýöne bu sitäni gurnaýjylaryň sanynyň azdygyny we bar bolanynyň hem wagtynyň azdygyny nazara alsak ilkinji aýlarda sitede kän maglumat bolmaz. Atalarymyz "Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar" diýipdirler, nesip bolsa bu site hem ýakyn gelejekde içinde ençeme peýdaly maglumatlar saklar.