Türkmençe

Aždarha bilen çopan

Printer-friendly versionSend to friendPDF version

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir çopan bar eken.
Ol çöl-beýewanlarda mal bakyp gezer eken. Günleriň birinde ol çopan
mal bakyp ýörkä, uly bir tüweleý turupdyr. Tüweleý aýlanyp-aýlanyp,
ahyrda çopanyň ýanynda köşeşipdir weli, onuň içinden bir peri çykypdyr.
Peri çopanyň ýanyna gelip:
– Meniň üç şertim bar, şol şertlerimi bitirseň, men saňa aýal boljak
– diýipdir.
Dulsurap ýören çopan özüňe belli:
– Aýdaweri, keýgim, şertleriňi. Hudaý halap, belki, bitiräýedim –
diýipdir.
Onda peri:
– Aýtsam, birinji şertim – ikimizden bolan çagaň ugruna-da,
seretmeli däl, ýoluna-da. Ikinji şertim – başymy daramda-da, seretmeli
däl. Üçünji şertim – meýdana gidemde, yzymdan garamaly däl – diýipdir.
– Bu şertleriň el ujundan düzelýän şertler-le, men razy – diýip,
çopan begenjinden ýaňa diriň-diriň böküberipdir.
Onsoň bular är-aýal bolup ýaşaberipdirler. Aýdan aý, günden gün
geçip, bularyň çagalary bolup başlapdyr weli, ýaňky peri bolan çagalaryň
ugruna seretmeden-ä geçen, gaýtam, gezip ýören itleriň agzyna berip
goýberýärmiş.
Çopan görgüli bolsa, ozal şert edensoň, şol şertini bozmajak bolup,
oňa “Edýäniň näme?” hem diýmeýärmiş.
Günleriň birinde bolsa, ýaňky çopanyň ejesi agyr syrkawlap, ahyrda
hem şol keselinden aýňalman, aradan çykypdyr. Goňşy-golam, dogan-
garyndaş, dost-ýar ol pahyry jaýlamaga gelipdirler.
Emma periniň weli, azaryna-da dälmiş. Hamala gaýyn enesi
ölmedik ýaly, diri gezip ýörändäkiden hem şatmyş. Olam owarram
diýseler, ol peri oturanda-da galdyrylgy ýüküň üstüne çykyp otyrmyş.
Adamlar çopanyň ejesiniň jesedi salnan tabydy göterip ugrapdyrlar
weli, ol peri jakgyldap gülmäge başlapdyr. Olar tä gonamçylykdan
gaýdyp gelinçäler hezil edip gülüpdir.
Adamlar öýli-öýüne dargapdyrlar. Çopan görgüli galyberipdir aýaly
bilen. Öz ýassykdaşynyň gelşiksiz hereketlerini bilesi gelip, çopanyň
içini it ýyrtyp barýarmyş. Onda-da soramanyň ugruny tapman otyrmyş.
Ahyry ol gaharyna bäs gelip bilmän, heleýiniň ýanyna baryp:
– Sen näme üçin meň ejem ölende, ýüke çykyp oturdyň? – diýip sorapdyr.
Onda aýaly:
– Içeri bütin gandan doldy, men ýüke çykmasam boljak däl –
diýipdir.
– Ejemi jaýlamaga ugranymyzda näme üçin güldüň?
– Gülmez ýalymy näme? Ejeň asyl dünýä çykdajy etmändir, yzynda
ýeke sübse barýa, şoňa güldüm – diýipdir.
Onda çopan:
– Munça bolanyna görä, beýleki syrlaryňy hem soraýjak – diýipdir.
– Eger eden şertiňi bozasyň gelse, soraber – diýipdir.
– Sorasam näme üçin çagalarymy ite berýäň?
– Aý, samsyk, olar it däl ahyry. Olar meniň enem-atam ahyry.
Ýöne beýdip sorajak bolsaň, çagalaryňy getirer-de, maňlaýyňa berer
ötäýderin – diýipdir.
Indi çopan soramasyny bes edip: “Beýleki syrlaryny özüne
bildirmänem bilip bilerin-le” diýip oňaýypdyr.
Onsoň çopan aýaly meýdana gidende, yzyndan seredipdir weli,
görse aýalynyň bagyr-öýkeni yzynda süýrenip barýarmyş. Soň bir günem
aýaly başyny daranda seredipdir weli, ol kellesini aýryp, beýlede darap
otyrmyş.
Perizat äriniň eden şertlerini bozandygyny bilip:
– Ynha, çagalaň! – diýip, çopanyň çagalaryny getirip beripdir.
Çopan garap görse, iki sanjak bir eýjejik çagamyş. Biri ogul,
beýlekisi gyzmyş. Özlerem şaýlyja çagamyş.
Perizat:
– Çagalaňňy özüňdenem gowy saklardym welin, eden şertiňde
durup bilmediň – diýipdir-de, duran ýerinde tüweleýe öwrülip, asmana
gaýyp bolanmyş.
Çopan nälaç etjegini bilmän, çagalaryny garry enesine tabşyryp
geziberipdir. Emma hiç ýerde karar tapmandyr. Ýetim çagajyklaryna
gözi düşende bolsa, ýüregi gyýym-gyýym bolýarmyş.
Ahyry bolmansoň:
– Etdim-etdim özüme etdim – diýipdir-de, başyny alyp obadan
çykyp gidipdir. Ol baryp, bir daglykda mesgen tutunyp, gylyjyny
boýnundan asyp, daglaryň arasynda geziberipdir. Gezeniň bilen perizat
tapdyrjakmy?!
Ol şeýdip aýlanyp ýörkä, daş-töweregine garasa, hol beýleräkde
iki sany aždarha urşup durmuş. Aždarhalaryň biri beýlekisini alarlymyş.
Çopan bu ýagdaýy uzak synlap durman, derrew ylgap, olaryň
ýanyna barypdyr-da:
– Ýa haýyrdyr, ýa şerdir – diýip, salypdyr gylyjyny ýokarky
aždarhanyň kellesinden. Almaz ýaly ýiti gylyç daş-töweregi gyzyl gana
boýap, ýokarky aždarhanyň kellesini honda zyňyp taşlapdyr. Emma şol
aralykda aşakdakynyňam garnyna birazajyk zeper ýeten eken.
Indi ýokarky aždarha-ha ölüpdir, aşakdaka-da dil çykypdyr:
– Haý, adamzat, eden kömegiňe Taňry ýalkasyn! Sen maňa uly
ýagşylyk etdiň welin, şu düşenje ýaranam gutarybilseň, menem saňa
uly ýagşylyk edeýin – diýipdir.
Onda çopan:
– Men ol ýarany nädip gutararkam?
– Onuň işi aňsat-la. Sen git-de obalara aýlanyp, bir päk aýalyň
süýdüni getir. Şol süýdi şu ýara çalarys weli, ýaraň öz-özi biter, eger
ýaramaz aýalyň süýdüni getirip çalsaň weli, ýara öz-özünden azyp
beterlär – diýipdir.
Çopan:
– Alla, sen maňa kyn ýumuş buýurdyň-ow! Men süýt aljak
aýalymyň päkdigini ýa beýlekidigini näbilermişim? – diýipdir.
Onda aždarha:
– Ondan arkaýyn bol. Men saňa şu monjugy nyşan bererin. Sen
monjugyň deşiginden haýsy aýala seretseň-de, onuň nähilidigi mälim
bolar. Eger ol ýaramaz bolsa, onda onuň duşuşan adamlary ol aýalyň
yzynda häzirem ogar-ogar oýnaşyp ýörendirler. Ýene hem şol monjugy
ol aýalyň ýüzüne tutsaň, eger ol ýaramaz bolsa, onuň ýüzi gara ört
bolup görner – diýipdir.
Çopan monjugy alyp, oba tarap gaýdyberipdir. Az ýöräp, köp ýöräp
oba gelip: “Gel, gowsy, men suw alynýan güzeriň başynda
gizlenibrägeden ýatybereýin. Aýallar ir ertir, giç agşam suwa gelerler.
Şony synlar ýataryn” diýipdir-de, ýatyberipdir güzeriň başynda.
Ol şeýdip, gelen aýaly görüp otyrmyş. Şol barmana güzere bir
aýal gelipdir weli, onuň yzynda arlyk ýuwýan tasyndan başga zat
ýokmuş.
Aýal küýzelerini suwdan dolduryp, öýüne tarap ugrapdyr welin,
ýaňky ýatan çopanam:
– Alla, şu aýalyň çagasy bar bolaýbilseýdir – diýip, onuň yzyna
garaba-garaba düşüberipdir.
Aýalyň giren öýüni bek belläp, az wagt geçirip:
– Salawmaleýkim! – diýip, çopanam şol öýe giripdir.
– Aleýik salam. Geleweri, myhman, geç, otur – diýip, ýaňky aýal
çopana mürähet edipdir.
Çopan sesini çykaryp bilmän, ep-esli wagt oturypdyr.
Öý eýesi aýal bolsa munuň bir habarynyň bardygyny bilip:
– Myhman, näme habaryň bolsa çekinme-de aýdyber, bitiribilsem-
ä özüm bitirin, bolmasa-da giçlik öý eýesi geler, şoňa diýäýeris –
diýipdir.
Aýaldan bu sözleri eşiden çopan çekine-çekine ahyry habaryny
beripdir.
– Hä... şeýle diýsene. Bu ýumşuň biziň elimizden geljek zat däl.
Ynha, giçlik adamym gelsin, men şoňa geňeşip göreýin, eger ol razy
bolsa, möhümiňi bitireris – diýipdir.
Giçlik adamsy gelensoň, ýaňky aýal:
– Şu myhman saňa ertirden bäri garaşyp otyr. Özem şeýle ýumuş
bilen gelipdir – diýip, ärine geňeş salypdyr weli, äri:
– Dermanlyk üçin gerek bolsa, berip goýber, geňeşmek nämä
gerekdi – diýipdir.
Çopan işini bitirip, är-aýala minnetdarlyk bildirip: “Niredesiň
aždarhanyň ýany?...” diýipdir-de, ýola düşüpdir.
Az ýöräp, köp ýöräp, aždarhanyň ýanyna baryp, onuň ýarasyna
getiren süýdüni çalypdyr weli, asyl aždarhanyň tenine hiç hili şikes
ýetmedik ýalymyş. Şobada gutulypdyr.
Ýarasyndan gutulan aždarha çopana garap:
– Sen-ä maňa ýagşylyk etdiň weli, menem saňa ýagşylyk edeýin.
Dünýäde näme isleseň, aýt?! – diýipdir.
Onda çopan:
– Meniň ejem pahyr öldi welin, pylan obada bir garry enem bilen
iki sany ýetim çagam bar. Şolara-da, özüme-de göz-gulak bolar ýaly
bir rakyply, ynsaply, owadan, päkize gyz alyp berseň, başga dilegim
ýok – diýipdir.
Aždarha çopana ýene bir monjuk berip:
– Şu monjugyň gözünden oba gyzlaryna seret. Haýsy biri göwnüňe
ýarasa, geläý, salgydy meniň boýnuma – diýipdir.
Çopan monjugy alyp, oba gyzlaryna seredýärmiş weli, hiç
bolmandyr, her biriniň öz halaýan ýigidi bar bolara çemeli. Ahyry bir
gyza seredipdir weli, ol gyzyň töwereginde hiç kim ýokmuş.
– H-ä-ä-ä, büýä, tüýs meniň islän maşgalam bolsa gerek – diýip,
garry enesiniň ýanyna barypdyr-da:
– Ene, ho pylanlaryň gapysyny süpürip gaýt – diýipdir.
Onda enesi:
– Aý, oglum, olar bir baýdyr, biz bolsak, bir garyp. Ömürem
bermezler, kowarlar – diýipdir.
– Aý, süpür-de dur, görübereris. Salgydyndan çekinme – diýipdir.
Enesi agtygynyň aýdyşy ýaly edip, şol baýyň gapysyny günde
süpürip durupdyr.
Ahyry bu habary baýa ýetiripdirler. Baý bolsa:
– Aý, garybyňam göwni bardyr. Köpräk salgyt salyp kowup
goýberseňiz-le – diýipdir.
Garryny çagyryp, agyr salgyt salypdyrlar weli, garry olara garap:
– Hata ýazyp beräýiň, men bir akyl-huşy giden garrydyryn, onsoň
ýalňyşyp oturmaýyn – diýipdir.
Garrynyň aýdyşy ýaly edip, salgyt köküni salyp, ýazyp beripdirler
weli, garry hem ol ýazgyny agtygynyň eline getirip beripdir.
Çopanam haty alyp, aždarhanyň ýanyna gidipdir.
Aždarha-da çopana şol ýazgydaky zatlary artygy bilen tapyp
beripdir.
Şeýdip çopan ol baýyň gyzyny alyp, uly toý tutup, myrat-
maksadyna ýetipdir.