Bir bar eken, bir ýok eken, gadym wagtda bir adamyň ýedi ogly
bar eken. Olaryň käri aw awlamak eken. Olaryň aýal dogany ýok eken.
Bir uýa arzuwynda gezip ýören doganlaryň eneleri göwreli bolupdyr.
Eneleriniň aý-güni dolan wagty, bular awa gitmekçi bolup, atasyna:
– Biziň gyz doganymyz bolsa, howlymyzyň agzyndan gurjak asyp
goýuň, erkek doganymyz bolsa, ok-ýaý asyp goýuň – diýip awa
gidipdirler.
Bularyň yzynda gyz dogany bolupdyr. Atasy derwezeden gurjak
asyp goýupdyr. Emma goňşulary ýamanlyk edip, muny aýryp, ýerine
ok-ýaý asyp goýupdyrlar. Bular awdan gelenlerinde ok-ýaýa gözleri
düşüp: “Hudaý bize gyz dogan bermändir” diýip öýkeläp, bir dagyň
gowagynda jaý tutup, aw awlamak bilen gün görüp başlapdyrlar. Indi
bular bu taýda galsynlar, habary täze bolan gyzdan alyň.
Ata-enesi täze bolan gyzyň adyna Akpamyk dakyp, oglanlarynyň
ýoluna göz dikipdirler. Bir gün geçipdir – gelmändirler, bir aý geçipdir
– gelmändirler, bir ýyl geçipdyr – gelmändirler. Olar garry bolansoňlar
oglanlarynyň ugruna çykyp bilmändirler, gyza hem aýtmandyrlar.
Şeýdibem ata-ene öz oglanlaryndan tamalaryny üzüpdirler.
Aý geçip, ýyl geçip, gyz dokuz-on ýaşyna ýetipdir. Bir gün
goňşulary üme edipdir. Akpamygyň enesine hem gelip:
– Gyzyňy ümä goýber – diýip sorapdyrlar.
– Honha, özi razy bolsa, gidibersin, özüne aýdyň – diýip, enesi
jogap beripdir.
Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barypdyr. Ümä baran gelinleriň
biri Akpamygy synap görmek üçin we oňa gizlin bolan bir syryň üstüni
açmak üçin şeýle diýipdir:
– Kimiň erkek dogany bolsa, törde otursyn, kimiň erkek dogany
bolmasa, aşakda, külüň üstünde otursyn.
Bu sözden soň Akpamyk hem baryp, külüň üstüne geçip, gyzlaryň
arasynda oturypdyr.
Bir garry kempir Akpamyga:
– Weý, keýgim, sen ýokarrak geç – diýipdir.
– Weý, ene, meniň erkek doganym ýok ahyry.
– Aý, ýüzügara, iliň birki dogany bolsa, seniň ýedi sany aždarha
ýaly doganlaryň bardyr, ýokaryk geç, ýokaryk.
– Men şu wagta çenli muny atamdan – enemden eşitmedim.
Onda garry ene:
– Keýgim, eneň-ataň garry bolansoň, doganlaryň gözlegine özler-
ä gidip bilenoklar. Aýtsalaram sen gidersiň öýdüp gorkup aýdyp bilýän
däldirler. Seniň doganlaryň pylan dagyň gowagynda ýaşaýarlar. Isleseň
men saňa eneňe aýtdyrmagyň tärini öwredeýin. Sen baryp : “Ene, maňa
gowurga gowrup ber” diý, gowrup berer welin, her zat bilen berse-da
alma, “eliň bilen ber” diý. Gazanyň üstünden eli bilen “al” diýip berer
welin, eliniň daşyndan tutup gysyp sorasaň aýdar. Ýogsam aýtmaz –
diýipdir.
Akpamyk ümeden gaýdyp, öýlerine gelip:
-Aý, eje, meniň kelläm agyrýar – diýipdir.
– Balam, näme iýip-içjek zadyň bar? – diýip, ejesi sorapdyr.
Akpamyk hem:
– Eje, sen birazajyk gowurga gowrup ber, kelläm şonda gowy
bolmazmy? – diýipdir .
Ejesi gowurga gowurmaga oturypdyr, welin,
Akpamyk ejesine :
– Eje, maňa oduň üstündekä ber diýipdir.
Ejesi gowurgany çemçe bilen uzadýar, Akpamyk:
– Ýok, eliň bilen ber – diýipdir.
Ejesi pahyr eli bilen berende, Akpamyk ejesiniň eliniň daşyndan
pugta tutupdyr. Ejesi bolsa :
– Waý, elim ýandy – diýip gygyrypdyr.
– Eje, meniň erkek doganym barmy ýa ýokmy, aýt? – diýip,
Akpamyk sorapdyr.
Ejesi gyzgyna çydaman:
– Bardyr, emma sen bolanyňda gidişleridir – diýipdir.
– Heý, barmyş sesi eşidilýärmi?
– Pylan dagyň gowagynda barmyş diýýärler.
Akpamyk ejesiniň elini goýberip:
– Men agalarymyň yzyndan gitjek – diýipdir.
– Sen şeýle gitseň-ä tapmarsyň, men saňa köke edip bereýin, şony
tigirle-de git, nirä baryp dursa, doganlaryň şo taýda bolar – diýip, ejesi
aýdypdyr.
Akpamygyň ejesi bir köke edip beripdir. Akpamyk kökejigini öňüne
salyp, tigirläp ugrapdyr. Akpamygyň bir pişigi bar eken, olam
Akpamygyň yzyna düşüp, üc tirkeş bolup ýola düşüpdirler. Akpamyk
dem-dynjyny almak üçin ýol ugrunda birazajyk irkilipdir. Şol wagt
pişigi kökejigiň bir gyrasyny gädipdir. Akpamyk ýene tigirläpdir,
bolmandyr. Ahyry aglamaga başlapdyr. Birden palçyk edip, gädigi
beklemek ýadyna düşüpdir. Derrew palçyk edip, kökäniň gädik ýerini
bekläpdir. Ondan soň tigirläp barýarka, bir dagyň gowagyna barypdyr.
Görse, gowagyň içi bütin ganly geýimden doly eken, köp et asylyp
goýlupyr. Akpamyk bu geýimleri ýuwup, etden nahar bişirip, taýyn edip
goýan. Bir görse, bir topar adam gelýär. Akpamyk bir ýere girip,
bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, hemişeki ýaly däl, nahar bişirilgi,
geýimler ýuwulgy eken. Bular bu gije geýimlerini çalşyryp, arkaýyn
ýatypdyrlar. Ertir ýene awa gidipdirler. Akpamyk ýene ganly geýimleri
ýuwup, nahar taýyn edip bukulypdyr. Bular gelip görseler, düýnkiden
hem artyk edilip goýlupdyr. Doganlar maslahatlaşyp, günde biri
nobatçylyk etmek kararyna gelipdirler. Birinji gezek iň ulusy galyp
saklapdyr welin, ýadaw awçy tiz uklapdyr. Akpamyk onuň uka gidenini
bilip, bukulan ýerinden çykyp, geýimleri ýuwup, nahar bişirip, ýene
bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, nahar taýyn, geýim ýuwulgy.
Olar: “Kim edýän eken?” diýip sorasalar, uly doganlary: “Men uklap
galypdyryn” diýipdir. Ertir ondan kiçisi saklapdyr. Bu hem uka gidip
galypdyr. Bularyň altysy gezegine durup, hiç zat bilip bilmändir. Ahyry
iň kiçisi galypdyr. Ol uklamazlyk ьзin külbike barmagyny dilip, duz
sepipdir, welin gözüne asyl uky gelmändir. Birden bir gyz çykyp,
geýimleri ýuwup, nahar atarmaga duranda, ýaňky gowagy saklamaga
galan dogany bukulan ýerinden çykypdyr-da:
– Ynsam bolsaň, jynsam bolsaň, dur-da, nämedigiňi tanat-diýipdir.
– Men yns-da däl, jyns-da, öz doganyňyz – diýip, Akpamyk jogap
beripdir.
Bular tanşyp, beýleki doganlary gelýänçä, nahar taýyn edipdirler.
Soňra kiçi dogany uly agalarynyň öňünden buşlap çykypdyr. Gyz
doganlarynyň yzlaryndan gelenine olar köp şat bolupdyrlar. Bular
Akpamygy keýgiň ýiligi bilen bakypdyrlar. Aradan birnäçe gün geçipdir.
Akpamyk bir gün içerini süpürip otyrka, bir kişmiş tapypdyr. “Piş-
pişim” diýip, pişigini çagyrypdyr. Pişigi gelmändir welin, özi iýäýipdir.
Birsalymdan soň pişigi gelip:
– Näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
– Bir kişmişjik tapdym, şonuň üçin çagyrdym – diýip, Akpamyk
aýdypdyr.
– Hany, ony nätdiň?
– Gelmäňsoň iýäýdim.
– Onda oduňa buşugaryn – diýip, pişik oda buşukjak bolupdyr.
– Buşukma, men çakmak bilen ot alyp bilmerin, indi tapsam
beräýerin – diýip, Akpamyk ýalbaryp, zordan goýdurypdyr.
Soň ýene bir gün öý süpürip ýörkä, ol bir igde tapyp, “piş-piş”
diýip çagyrypdyr. Pişik gelmänsoň, igdänem özi iýipdir. Birsalymdan
soň pişik gelip:
– Meni näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
– Bir igde tapdym.
– Hany igde?
– Iýdim.
– Onda oduňy söndüreýin – diýip, pişik oda buşugyp, Akpamygyň
oduny söndüripdir.
Akpamyk çakmak bilen, ot aljak bolup synanyşsa-da oňarmandyr,
naharam gijä galyp barýar ekeni. Ahyry nalaç bolup, töweregine garasa,
bir ýerden tüsse çykýar ekeni. Akpamyk şol tüsseden ot getireýin diýip
ugrapdyr. Baryp, gapydan salam berip girýär welin, görse, bir çal döw
oturan ekeni. Döw Akpamygy görüp:
– Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym. Gel,
gyzym, meniň başymyň bitini gözle – diýipdir.
Akpamyk biraz salym döwüň bitini gözläp:
– Men ot diýip geldim, gaýtjak – diýipdir.
– Onda sen etegiňi tut – diýip, döw Akpamygyň etegine ilki bir
köz atyp, yzyndan kül guýup, soňra ot guýupdyr-da: – Bar, gyzym –
diýip ugradypdyr.
Akpamyk ody alyp ugrapdyr, emma ýaňky külüň aşagyna atylan
köz onuň etegini çalaja deşipdir, ondan kül az-azdan dökülip, yz bolup
gelipdir. Emma Akpamyk mundan bihabar gelip, nahar bişirip, taýyn
edip goýupdyr. Doganlary awdan gelip, ertesi ýene awa gidýärler welin,
döw külüň yzyny yzarlap gowaga gelipdir. Akpamyk döwüň gelýänini
görüp, gapyny içinden bekläp oturypdyr.
Döw gelip:
– Gapyny aç – diýipdir.
– Ýok, açsam doganlarym käýärler – diýip, Akpamyk aýdypdyr.
– Onda barmagyň birini gapynyň arasyndan çykar – diýip, döw
ýalbarypdyr.
Akpamyk barmagyny çykarypdyr. Döw barmakdan pugta tutup,
bir temen bilen deşip, ganyny sorupdyr-da:
– Doganlaryňa aýtsaň iýerin – diýip Akpamygy gorkuzup, öýüne
gaýdypdyr.
Akpamyk gorkusyndan bolan wakany doganlaryna aýdyp
bilmändir. Şondan soň döw her gün gelip, Akpamygyň barmagyndan
ganyny sorup gaýdýar ekeni. Akpamyk gün-günden horlanypdyr.
Doganlary “näme bolýar?” diýseler hem: “Maňa zat bolanok” diýip
jogap beripdir.
– Geliň munuň emmasyny bileliň – diýşip, doganlary awa ugran
bolup, bir ýerde bukulyp ýatýarlar.
Akpamyk hemme işlerini jaýba-jaý edip, döwüň geler wagty
bolanda, gapyny içinden bekläp oturýar. Hemişe gan içmäge öwrenen
döw gelip, gapyny kakýar welin, ýedi dogan ýedi ýerden topulyp, döwüň
janyny asmanda kakýarlar. Onuň kellesi “Çöpden-çörden kän bolaryn”
diýip togalanyp gidipdir. Akpamygyň doganlary onuň yzyndan ýetip
bilmän galypdyrlar. Birnäçe wagt geçensoň ol kelle birnäçe döw bolup
gelip, ýedi doganyň ýedisini hem öldürip, etlerini iýip, süňklerini
taşlapdyrlar. Akpamyk bolsa keýik derisiniň aşagyna girip bukulypdyr.
Döwler muny görmändirler. Akpamyk aman galypdyr. Döwler
ganlaryny alyp, öz mekanlaryna gidipdirler. Akpamyk döwler gidensoň
bukulan ýerinden çykyp, doganlarynyň süňklerini bir ýere ýygnap, üstüni
keýik hamlary bilen basyryp, bir ata münüp, galama-gala aýlanyp,
bilimli adamlardan doganlaryny nädip direltmegiň alajyny sorap ýörkä,
ahyry bir garry aýalyň üstünden barypdyr.
– Gyzym, seniň doganlaryňy döw öldüren bolsa, ony direltmegiň
alajy bolar, emma gaty kyndyr – diýip, garry aýdypdyr. Onda Akpamyk:
– Ýeri, garry ene, kyn hem bolsa aýt – diýipdir.
– Akmaýa diýen bir düýe bardyr, şonuň süýdünden getirip
doganlaryň süňklerini ýerli-ýerinde goýup üstüne sepseň, jana geler,
emma Akmaýa adam görse iýýär, köşegi welin, adamy gaty gowy görýär
– diýip, garry aýdypdyr.
Akpamyk şol ýerden eline ýanlyk alyp, Akmaýanyň ugruny
gözläp, ýola düşüpdir.
Ahyry bir gün Akmaýanyň köşeginiň üstünden barypdyr. Köşek
Akpamygy görüp, oýnap, bökjekläp ýanyna gelipdir. Akpamyk köşegiň
ýüzünden, gözünden sypap, ogşap, köp mähribanlyk edip, ahyry arzy-
halyny aýdypdyr welin, köşek:
- Bolýar, emma enem bilse, ikimizi hem iýer, gel, sen meniň
goltugymyň aşagyna girip, tüýe gabsanyp bar. Men emip, könege
guýaýyn – diýipdir. Sebäbi köşegiň garnynyň aşagynyň we gapdalynyň
tüýi ýerden süýrenip barýar ekeni.
– Bolýar – diýip, Akpamyk köşegiň tüýüne gabsanyp, görünmän
gelipdir.
– Adam ysy bar – diýip, Akmaýa çarp urup başlapdyr.
– Eje jan, adam näme işlesin – diýip, köşegi ýalbarandan soň,
Akmaýa köşeşip, köşegini emdirmäge başlapdyr. Akmaýanyň könegi
dolansoň, köşek usullyk bilen aýrylyp, otlan bolup, arany açyp ugrapdyr.
Emma Akmaýa-da müňkür bolup, yzyndan seredýän eken. Köşek otlan
bolup, gyzyň atyny gizläp goýan ýerine golaýlanda, Akpamyk çykyp,
ata bakan ugrapdyr. Akmaýa muny görüp, yzyndan topulypdyr. Akpamyk
hem zordan ata münüp gaçypdyr. Akmaýa kowup, ýetip bilmändir.
Akmaýa dolanyp gelýärkä, köşegine: “Gara daşlar bolgaý sen, balam”
diýip gargyş edipdir. Köşegi şo taýda gara daş bolup, doňup galypdyr.
Akpamyk Akmaýanyň süýdüni getirenden soň, doganlarynyň
süňklerini ýerbe-ýer goýupdyr welin, biriniň ýagyrnysynyň süňküni
tapmandyr, ony döw çeýnäpmi, garaz, ýokmyş. Bar süňküniň hemmesini
ýerbe-ýer goýup, süýdi üstüne sepip, bir gara keçä dolapdyr. Soňrak
doganlary asgyryşyp:
– Bä, kän ýatypdyrys – diýip, ýerlerinden galypdyrlar.
Akpamyk bulara hemme bolan işleri aýdyp beripdir. Bular
doganlarynyň jepa çekip, uly iş bitirenine gaty guwanypdyrlar. Emma
özgesi bitin bolup, iň kiçileriniň ýagyrny süňküniň birjigi kem bolupdyr.
Könek-düýe saglanda bedre deregine ulanylýan deri gap
Ýedi dogan täzeden öňki ýaly aw awlap ýörüpdirler. Soň Akpamyk
ýedi doganyny öýerip, her haýsyna gelin alyp beripdir. Doganlaryň ýedisi
hem doganlaryny gaty gowy görer ekenler. Olaryň aýallary: “Biziň
ärlerimiz bizi Akpamykça görmeýärler, geliň, bir maslahat edeliň”
diýenler. Onda iň uly doganynyň aýaly:
– Geliň, şuny basyp, bogazyna we gulagyna gurşun guýalyň –
diýipdir.
Iň kiçi doganynyň aýalyndan başgasy bu maslahata goşulypdyr,
emma iň kiçi doganynyň aýaly:
– Beýle iş etmek bolmaz – diýip, garşylyk görkezende:
– Seniňem bogazyňa gurşun guýarys – diýip,ony gorkuzypdyrlar.
Bular Akpamygy basyp, bogazyna we gulaklaryna gurşun guýupdyrlar.
Şonda iň kiçi doganynyň aýaly hem gorkusyna Akpamygyň külem
barmagyndan tutupdyr. Akpamygy şeýdip lal we güň edipdirler.
Akpamyk gün geçdikçe horlanypdyr.
– Näme bolýar? – diýip, doganlary sorasalar hem jogap bermändir.
Ahyry ýeňňeleriniň iň ulusy:
– Muňa näme bolýanyny men bilýän – diýipdir.
– Ýeri, bilseň näme bolýar ?
– Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek – diýip, aýallar
aýdypdyrlar.
– Kimi halasa baraýsyn.
Onda ýeňňeleriniň kiçisi:
– Muny bir düýä mündürip goýberiň, kimi halasa, özi barar –
diýipdir.
Doganlary bir maýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip
goýberýärler. Şol wagtlarda patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa
çykan ekenler, görseler, çölüstanyň bir çetinden bir gara görünýär.
Ýakyn baryp seretseler, üsti bezegli kejebeli maýa öz ugruna otlap
ýör ekeni.
Patyşanyň ogly:
– Içi meniňki – diýipdir.
Weziriň ogly :
– Daşy meniňki – diýipdir.
Ikisi at salyp barýarlar welin, ine bir maýa, üstündäki kejebäniň
içinde hem bir gyz bar, iýme-içme-de, seret-de otur.
Bular baryp:
– Aý, gyz, ynsmysyň, jynsmysyň? Dillen – diýipdir.
Hiç jogap bolmandyr: “Lal bolsa-da bolýar” diýip, ony patyşanyň
ogly özüne aýal edinipdir.
Aradan bir ýyl geçýär, bir ogly bolýar. Bu oglan dört– bäş ýaşaýar.
Akpamyk geplemändir.
Patyşanyň ogly :
– Gel, ýene-de bir aýal alaýyn, ýogsam boljak däl– diýip, aýal
gözlemäge çykypdyr.
Akpamyk öz içinden: “Bu kembagtlyk hemme ýerde maňa zyýan
ýetirýär” diýip, çörek zat bişirmän oturypdyr.
Akpamygyň ogly gelip :
– Eje, çörek – diýýär.
Öňki dilsizliginiň üstüne äriniň başga aýal almaga gidenligi üçin
gamgyn bolup oturan Akpamyk ogluna çörek bermändir. Ogly
ýeňsesinden itip, kakyp: “Eje, çörek” diýip iteläpdir welin, bogazyndaky
gurşun lark edip gaçypdyr we dili açylypdyr.
Ondan soň ol:
– Gulagyma-da ur – diýipdir .
Ogly gulagyna hem urupdyr, gulagyndaky gurşun hem gaçypdyr.
“Beýleki gulagyma hem ur” diýse, ogly ol gulagyna hem: “Eje, çörek”
diýip urupdyr, beýleki gulagyndaky gurşun hem gaçyp, Akpamyk sag
adam bolupdyr. Patyşanyň ogly hem baryp, bir aýal alyp gelipdir. Şol
mahal Akpamyk aýran gaýnadyp oturan eken. Aýran çogup, dökülip
duran eken. Täze gelen gelin atyň üstünden:
– Mesdi haýran, döküldi aýran – diýip gygyrypdyr.
Heniz gelip, atdan düşmedik gelniň beýle zäherli sözüne:
– Geline bak, geline,
– Gele-gelmän diline,
– Özi eýer gaşynda,
– Gözi ojak başynda
- diýip, Akpamyk jogap beripdir.
“Patyşanyň oglunyň gelniniň dili açyldy” diýip, jar-jaryň üstüne
çekilýär. Patyşanyň ogly Akpamygyň diliniň açylanlygyny görüp, soňky
alyp gelen aýalyny şol wagt, atdanam düşürmän, yzyna iberip, Akpamyk
bilen ýaşaşyp başlapdyr.
Akpamyk doganlaryndan umydygär bolup, ogluna altyn aşyk
ýasadyp, özüne hem: – Aşygyňy atan wagtyň:
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
Ýedi daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýymyň başy üçin
– diýgin – diýip öwredipdir.
Indi habary Akpamygyň ýedi doganyndan alyň. Olaryň iň kiçisi
Baýram: “Biz şeýle ýagşylyk eden doganymyzy düýä mündirip
goýberdik, indi bäş ýyl boldy, ölümi, dirimi, biziň habarymyz ýok, geliň
şonuň ugruna çykyp gözläliň” diýip, bir maslahat tapypdyr. Başgalary
hem muny dogry bilip, ýedi doganyň her haýsy bir şäherden başlap
ugraýar. Ýekýagyrny bir şähere barsa, bir topar oglan aşyk oýnaýar
eken. Bir oglanyň elinde altyndan aşyk, ol her atanda :
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
– diýýär eken.
Ýekýagyrny ýegeniniň ýanyna gelip :
– Oglanjyga, hany sanawajyňy ýene bir gezek aýt – diýýär.
Akpamygyň ogly ýene aşygyny atyp:
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop.
Ýedi daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýymyň başy üçin,
Altyn aşygym, alçy gop.
– diýýär welin, daýysy muny tanap:
– Hany, oglan, ýör, öýüňizi görkez – diýipdir.
Oglanjygyň yzyna düşüp barýar welin, Akpamyk doganyny
tanapdyr, dogany hem Akpamygy tanapdyr. Ikisi hal-ahwal
soraşanlaryndan soň, Akpamyk başyndan geçen hupbatlary aýdyp
beripdir. Ondan soň bir gün dogany gaýtmakçy bolupdyr. Akpamyk
obadan möý, içýan tutduryp, ýedi halta tikip, ol haltalary möý-içýandan
dolduryp, birini nohutly kismişden dolduryp, onuň agzyna ýekeje içýan
salypdyr-da :
– Her gelnejeme birini ber, şuny hem iň kiçi gelnejeme ber – diýip,
nohutly kişmiş salnan haltany berýär.
Ýekýagyrny obalaryna gelip, her gelne bir haltany berýär.
– Baldyzymyz sowgat iberipdir – diýşip, gelinler haltalara ellerini
sokupdyr welin, ellerinden möý-içyan çakypdyr. Olar “waý-da-waý”
bolýarlar. Olary möý-içýän çakyp öldire getirýär. Iň kiçi doganynyň
aýaly hem özüne iberilen haltany açyp görse, içi doly nohutly kişmiş,
iň üstünde-de ýekeje içýan eken. Ol içýan onuň külem barmagyndan
çakypdyr-da, gaçypdyr. Ol gelin iberilen sowgada guwanypdyr.
Ýekýagyrny hemme doganlaryny çagyryp:
– Geliň, men Akpamygy tapdym, ony pylan patyşanyň ogly alypdyr
– diýip habar beripdir. Yzyndan hem Akpamygyň başyndan geçiren
günlerini aýdypdyr. Ýedi dogan: “Bize şeýle ýagşylyk eden doganymyzy
şeýle eden bolsalar, bulary ýok etmek gerek” diýip, maslahat edipdirler.
On-ýigrimi ýük odun ýygnap, Baýramyň aýalyndan başgasyny odunyň
üstüne çykaryp, el-aýaklaryny daňyp, aşagyndan ot berip goýberipdirler.
Akpamyk şol tarapa seredip, ýaşyl-gyzyl tüsse çykýandygyny görüp,
doganlaryndan razy bolupdyr.