Şwesiýa
Ýerleşýän ýeri: Demirgazyk Ýewropada Skandinaw ýarym adasynda ýerleşýän Norwgiýa we Finlandiýa bilen serhetleşýän döwlet. Şwesiýany Öresund köprüsi Daniýa bilen baglaýar.
Meýdany: 449 müň 964 km2.
Ilaty: 9 milýon 263 müň 872 (2009-njy ýyldaky hasaplara görä)
Paýtagty: Stokgolm
Dili: Şwed dili, ýöne halkyň aglabasy Iňlis dilini bilýär.
Ykdysatyýeti: Kişi başyna düşýän ýyllyk girdejisi boýunça dünýäniň iň öňde gelýän döwletleriniň biri bolup durýar.
Näme üçin Şwesiýa?
Ylym
Şwesiýada ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň ýokary derejede bolmagy üçin ýurduň ýokary bilim baradaky edarasy (Högskoleverket) her 6 ýylda bir barlag geçirip durýar we elbetde munuň netijesinde Şwesiýadaky uniwersitetlerde berilýän bilimiň hili hem ýokary bolup durýar.
Haýsy ugurda okamak amatly
Şwesiýada okamak üçin bize amatly bolup biljek ugurlar esasanam şular:
Ýokary okuw ulgamy
Norwegiýada okuw ýyly Awgustyň ortasyndan Iýunyň ortasyna çenli dowam edýär we uniwersitetlerinde ECTS standardy (European Credit Transfer System) ulanylýar. Bu standardyň oňat tarapy Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinde siziň alan sapagyňyzyň kabul edilmesidir (elbetde sapakdan geçilen ýagdaýynda). Mysal üçin Norwegiýada 2 ýyl okap soň Germaniýa ýada Daniýa okamaga gitmek isleseňiz gaty köp zat ýitirmän öňki okan sapaklaryňyzy täze baran uniwersitetinizde okamaga mejbur dälsiňiz.
Ýokary okuw sistemasy gysgaça şeýleräk:
Okuw jaýlary barada
Şwesiýada uniwersitet diýlende iki dürli oku jaýy aklyňa gelýär. Olara universitet we högskola diýilýär. Bu ikisiniň arasynda gaty uly tapawut bolmasa bularyň högskola diýilýäni köplenç halatlarda doktorlyk derejesini berip bilmeýär. Şonuň üçin bolubilse universitet diýilýän ýokary okuw jaýlaryna girmek has dogry bolup biler.
Şwesiýada uniwersitetler käbir beýleku Ýewropa döwletlerindäki ýaly merkezden köp babatda aýrylandyr. Ýagny döwlet haýsy ugurlarda hünärmenler gerekdigini belli edýär we sapaklaryň nähili gurnaljagyny uniwersitetleriň özleri çözýär. Elbetde mundan başga-da döwlet uniwersitetlerde berilýän bilimi barlap durýar.
Ýokary okuw jaýlaryna giriş
Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ilki bilen özüňize görä bir bölüm seçip şol ugurda haýsy uniwersitetde okap biljegiňizi bolsa uniwersitetleriň salgýlary berilen şu internet sahypasyndan seçiň: http://www.studyinsweden.se/Course-search/ . Gerekli dokumentler geljek ýyl okamak üçin uniwersitetlere her ýylyň 15-nji Ýanwaryna çenli tabşyrylmaly. Gijä galan dokumentler köplenç ýagdaýda kabul edilýän däldir.
Uniwersitetde bakalawr derejesini berýän programmalar (adaty biziň uniwersitetlerde berilýän ýokary bilim) üçin gerekli dokumentler gysgaça şeýle:
Masterlik we doktorlyk derejeleri üçin bolsa gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýalydyr (http://www.bayjan.com/dasharyYurtdaOkuw salgysyndan beýleki Ýewropa ýurtlarynda okamak baradaky maglumatlara seredip bilersiňiz). Ýagny Masterlik üçin degişli ugurda bakalawr derejesi we Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy. Doktorlyk derejesi üçin bolsa degişli ugurda Masterlik derejesi we Iňlis dilini bilýändigiňiziň subutnamasy.
Okuw we ýaşaýyş üçin pul
Elbetde bu biziň köpimiz üçin iň esasy bölüum bolup durýar. Şwed uniwersitetlerinde okamak üçin ne daşary ýurtlylar ne-de şwedleriň özleri pul töleýär. Ýöne her semestrde 150 – 400 şwed kronyny (20-55 dollary arasy) talyplar birligine tölemeli. Elbetde kitap we ulag serişdeleri üçin goşmaça puly hem nazara almak gerek. Her aýda harjanyp biljek pul ortaça şeýleräk: Azyk harytlary üçin: 285 dollar. Ýaşaýyş üçin:455 dollar. Ulag üçin: 70 dollar. Telefon/Internet: 42 dollar. Saglyk ätiýaçlandyrmasy: 35 dollar. Elbetde şäheriň ululygyna görä-de bu bahalar üýtgeşik bolar.
Stipendiýalar
Şwed uniwersitetlerinde okamak üçin birnäçe stipendiýalar bar, ýöne olaryň içinden diňe biri biziň raýatlarymyza degişli bolup onuň ady "Erasmus Mundus" bolup durýar. Bu programma bilen diňe bir Şwesiýada däl eýsem Ýewropanyň beýleki döwletlerinde hem okamak mümkin. Bu stipendiýa barada giňişleýin maglumaty http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php salgysyndan alyp bilersiňiz. Bu stipendiýanyň kömegi bilen diňe bakalawr ýa-da masterlik derejesini almak bilen çäklenmän eýsem biziň ýokary okuw jaýlarynda işleýän ylmy işgärlerimiz hem Şwesiýada ýa-da Ýewropanyň beýleki döwletlerinde ylmy-gözleg geçirip bilerler.
Wiza
Şwesiýa wiza almak üçin gerekli dokumentler gysgaça şeýleräk:
Bu baradaky has giňişleýin maglumatlary http://www.migrationsverket.se/english.jsp salgysyndan we Şwesiýanyň Orzýetdäki ilçihanasyndan alyp bilersiňiz.
Wiza, okuw, ýaşaýyş we beýleki peýdaly maglumatlary www.studera.nu salgysyndan alyp bilersiňiz.
Ulanylan çeşmeler