April 2010

Türkmençe-türkmençe sözlük

Siziň üçin peýdaly bolup biljek türkmençe-türkmençe sözlügiň 1-nji bölegini bu ýerde goýmak isleýärin.

Fransiýada okuw

Ýurduň ady: 
Fransiýa
Ýerleşýän ýeri: 
Günbatar Ýewropa
Paýtagty: 
Pariž
Meýdany: 
674 müň 842 km2
Ilaty: 
65 milýon 447 müň (2010-njy ýylyň hasaplaryna görä)
Dili: 
Fransuz dili
Ykdysatyýeti: 
Ösen ykdysadyýeti bar.
Näme üçin bu döwletde okuw?: 
  • Bu döwletde berilýän bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär.
  • Asuda we demokratiki döwlet
  • Ýokary hilli uniwersitetleri bar
  • Daşary ýurtlylaryň sany köp
  • Fransuz diline öwrenmek gaty ýeňil bolmasa-da bu dili bilmek bilen başga-da birnäçe öňki fransuz koloniýalarynda arkaýyn gepleşip bilersiňiz.
Haýsy ugurlarda okamak amatly: 

Beýleki günbatar döwletlerinde bolşy ýaly bu ýurtda hem gaty köp ugurda ýokary derejede bili almak mümkin. Lukmançylyk we inženerlik ugurlary meşhurlaryň arasynda.

Ýokary okuw derejeleri: 
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3 ýyl
  • Masterlik derejesi: 2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi: 3 ýyl
Okuw jaýlary barada: 

Fransiýanyň 83 uniwersitetinde 700-den gowrak ugurda okamak mümkin. Olardan başga-da 6-aýlyk ýa-da 1 ýyllyk tejribe okuwlaryny okamak hem mümkin.

Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: 

Gerekli bolan dokumentler beýleki günbatar ýurtlary ýaly. Mysal üçin Şwesiýada okamak bölümine seredip bilersiňiz.

Okuw üçin ýyllyk pul: 
$1000-2000
Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: 
$7000-8000
Saglyk ätiýaçlandyrmasy: 

Ýyllyk 200 € töweregi pul bilen saglyk almak mümkin. Elbetde bu iň ýönekeý zatlar üçin köp ugurly ätiýaçlandrma üçin gerek bolan pul köpräk bolar.

Stipendiýalar: 

Birnäçe stipendiýalar bar ýöne olaryň köpüsi bize degişli däl. Şonuň üçin hem olar saýhallanyp soňra bu sahypa ýerleşdiriljekdir. Bu saýtyň Stipendiýalar sahypasyna serediň.

Wiza: 

Wiza üçin gerekli bolan dokumentler beýleki günbatar döwletleriniňkä meňzeş. Mysal üçin Şwesiýada wiza bölümine seredip bilersiňiz.
 
Has anyk maglumatlar üçin Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan maglumat alyp bilersiňiz.

Ilçihana barada maglumat: 

Ilçi : M. Pierre LEBOVICS
Salgy : 35, кöç. 2029 (öňki Esgerler köçesi) 744000 Aşgabat
Telefon: [993] (12) 36 35 50 / 36 34 68 Ilçihananyň faksy : (993 12) 36 35 46
Konsulstwonyň faksy : (993 12) 36 36 40
Internet : http://www.ambafrance-achgabat.org/
E-Hat adresi: cad.achgabat-amba@diplomatie.gouv.fr
Iş wagty we iş gün däl günler
Wiza bölümi duşenbe, çarşenbe we anna günleri sagat 10-dan 12 aralygynda işleýär.
Giriş Ilçihananyň gapysyndan sähelçe daşlykda ýerleşýän ikinji gapydan.
Ilçihana sagat duşenbe, anna günleri aralykda 9-dan 13-e we sagat 14-den 18-e çenli işleýär.
Ilçihananyň işlemeýän günleri :

Täze ýyl güni Duşenbe, 1-nji ýanwar Bahar baýramy Anna, 20-nji mart Iş baýramy sişenbe, 1-nji maý 1945 ýyl ýeňiş güni sişenbe, 8-nji maý Milli baýramçylyk sişenbe, 14-nji iýul Ýatlama güni sişenbe, 6-njy oktýabr Türkmen milli baýramçylygy sişenbe, 27-nji oktýabr 1918 ýyl ýaraşyk güni çarşenbe, 11 noýabr Bitaraplyk güni anna, 11-nji dekabr Roždestwo sişenbe 25-nji dekabr Gurban Baýramy bellemeli



Goşmaça maglumatlar: 

Uly şäherler bilen kiçi şäherleriň arasynda öý kireýinde gaty uly tapawut bar. Şonuň üçinem kiçi şäherleri seçmek iň dogrusy.

Saglyk

Saglyk barada maglumatlar bu ýerde ýerleşdiriljekdir. Siz hem peýdaly bolup biljek maglumatlaryňyzy bu ýerde ýazyp ýa-da sorap bilersiňiz.

Türkmençe mugt sözlük

Türkmençe online sözlük tapmak gaty ullakan mesele we bar bolanlaryň köpüsinde-de söz az. Onuň üçinem bu saýtda Iňlisçe-Türkmençe sözlügi bilelikde döretmek planym bar.

Jadyly hekaýa

Bu hekaýany okanymda orta atylan pikirleri makullaman durup bilmedim we belki başgalaryna-da şeýle täsir edip biler diýip ony terjime etdim.