Türkmençe

Rumyniýada okuw

Printer-friendly versionSend to friendPDF version Rumyniýada okuw
Rumyniýada okuw okamak barada maglumat

Ýurduň ady:

Rumyniýa

Ýerleşýän ýeri:

Gündogar Ýewropa

Meýdany:

238 müň 391 km2 (Ýewropanyň 7%-ni tutýar)

Ilaty:

21 milýon 500 müňden gowrak (2009-njy ýylyň hasaplaryna görä)

Paýtagty:

Buharest

Dili:

Rumin dili (latyn diller toparyna girýär)

Ykdysatyýeti:

Ösüp barýan ykdysadyýeti bar.

Näme üçin Rumyniýa?

  • Okuw puly we ýaşaýyş şertleri has amatly
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar

Haýsy ugurlarda okamak amatly:

  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Elektronika
  • Nebit-gaz ugry
  • Matematika we statistika

Ýokary okuw derejeleri:

  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi -3 ýyl (ýöne seçilen ugura görä üýtgäp biler)
  • Masterlik derejesi -2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi – 3-4 ýyl

Okuw jaýlary barada:

http://www.study-in-romania.ro/

Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler:

Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir.
  • Uniwersitetlere giriş üçin gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýaly (giňişleýin maglumatlar üçin Şwed uniwersitetlerine gerekli bolan dokumentler serediň.)
Bakalawr derejesi üçin şu aşakdaky dokumentler gerekli:
  1. Anketa (Application form)
  2. Okuw bahalaryňyz barada maglumat (Attestatyňyzyň maglumatlary Rumyn, Iňlis, Fransuz ýa-da German dilinde)
  3. Ýeterlik derejede rumyn dilini bilýändigiňiz barada maglumat. Eger Rumyn dilini bilmeýän bolsaňyz onda Rumyn dilini Rumyniýada öwrenme mümkinçiligi bar.
  4. Dogluş şahadatnamasynyň göçürmesi (kopiýasy).
  5. Pasportyň göçürmesi (kopiýasy).
  6. Saglyk ýagdaýyňyz barada hat.
Bu ady agzalan dokumentleriň käbiri belki gerek hem bolman biler. Anyk maglumatlary okamak isleýän uniwersitetiňizden alyp bilersiňiz.

Okuw we ýaşaýyş üçin pul:

Daşary ýurtlary talyplar üçin aýlyk okuw puly ortaça 200-250$ (amerikan dollary) töweregi (bakalawr derejesindäki okuw üçin). Ýaşaýyş jaýyň puly öz hasabyna gelenler üçin aýlyk ortaça 200$ töweregi. Ilçihanalanyň ylalaşygy netijesinde gelen talyplar üçin bolsa ortaça aýlyk jaý kireýi 50-60$. Döwletleriň ylalaşygy netijesinde gelenler (ýagny stipendiýasy bolan talyplar) üçin bolsa ýaşaýyş jaýy mugt we aýlyk 65 ýewro stipendiýa alýarlar.

Stipendiýa(lar):

Rumyniýada okamak üçin stipendiýalar barada Aşgabatdaky rumyn ilçihanasyndan (aşakda salgysy berilen) sorap bilersiňiz. Erasmus Mundus stipendiýasyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:

Aýlyk jaý kireýi ortaça 100-120$.

Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:

Rumyniýada galmaga rugsat almak isleýän kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy almasy gerek.

Wiza:

  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
  2. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy
  3. Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument (saglyk ätiýaçlandyrmasy)

Goşmaça maglumatlar üçin: http://www.mae.ro/index.php?unde=doc&id=12892&idlnk=3&cat=5

Ilçihana barada maglumat:

Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüzleniň.

Salgysy: Mäti Kösäýew 122, Aşgabat, Türkmenistan. Telefon:+ 99312 34 76 55 ; + 99312 34 76 33 Faks: + 99312 34 76 20 – secretarlygyňky E-mail: ashabat @ belgisi mae.ro

Goşmaça maglumatlar

Pul birligi

€ = lei (1 amerikan dollary=2,9-3 lei)

Uniwersitetler barada goşmaça maglumat:

http://www.study-in-romania.ro/

Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt:

http://www.eurydice.org

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Rumyniýada okuw okamak barada maglumatlar: http://www.study-in-romania.ro/
  3. Rumyniýanyň daşary işler ministrligi: http://www.mae.ro/
  4. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php


Bu sahypa Käkil Hudaýberdiyewa tarapyndan taýýarlandy.

Comments

Käbir ýalňyşlyklar düzedildi

Administrator tarapyndan maglumatlary bu saýta ýerleşdirilýärkän käbir ýerde ýalňyşlyklar goýberilipdir. Ýalňyşlyklar diňe jaý nyrhlary baradaky bölümde goýberelipdir. Bu ýalňyşlyklar indi düzedilendir.