Türkmençe

Daniýada okuw

Yazıcı-dostu sürümArkadaşa gönderPDF


Daniýada okuw okamak barada maglumat
Ýurduň ady: Daniýa
Ýerleşýän ýeri: Demirgazyk Ýewropa
Meýdany: 43 müň 98,31 km2
Ilaty: 5 milýon 519 müň 441 (2009-njy ýyldaky hasaplara görä)
Paýtagty: Kopengagen
Dili: Dança
Ykdysatyýeti:Ösen ykdysadyýeti bar. Kişi başyna düşýän ýyllyk puluň mukdary boýunça dünýäde 16-njy.
Näme üçin Daniýa?
  • Döwlediň girdejisiniň 8%-i ylym we bilime harjanylýar. Bu hem Daniýany dünýäde girdejisiniň iň köp bölegini ylym we bilime harjaýan döwlet ornunda goýýar.
  • Okamak üçin 130-dan gowrak halkara derejesinde iňlis dilinde programma bar
  • Halkyň aglabasy (80%-i) iňlis dilinde gepläp bilýär.
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar
Haýsy ugurlarda okamak amatly:
  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Biotehnologiýa
  • Tebigaty goramak we biologiýa
  • Azyk önümleriniň öndürilişi
  • Tehnologiýa we ylymyň tehnika agyrlyk berýän ugurlary.
Ýokary okuw derejeleri:
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi -3 ýyl
  • Masterlik derejesi -2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi - 3 ýyl
Okuw jaýlary barada:http://studyindenmark.dk/institutions
Halkara derejesindäki bakalawr, masterlik we doktorlyk programmalary barada: Şu saýtdan bu programmalary agtaryp bilersiňiz: http://studyindenmark.dk/study-programmes/programmes-in-english
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir.
Okuw we ýaşaýyş üçin pul: Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (çagny bizden hem) ýyllyk okuw puly 6000 bilen 16000 ýewro arasy. Ýaşaýyş puly bolsa aýlyk ortaça 600-700 ýewro töweregi.
Stipendiýa(lar): Erasmus Mundus stipendiýasyndan we Daniýanyň bilim ministrliginiň stipendiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Doktorlyk derejesi we ylmy gözleg üçin bolsa The Researcher's Mobility Portal salgysyna nazar aýlaň.
Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:Aýlyk jaý kireýi 200-500 ýewro arasy. Goşmaça maglumatlar üçin http://studyindenmark.dk/student-life/living-in-denmark/accomodation salgysyna serediň.
Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:Daniýada galmaga rugsat alan kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy şu rugsady alanyňyzdan soň 6 hepdäniň içinde başlaýar. Goşmaça maglumatlar üçin: http://studyindenmark.dk/student-life/living-in-denmark/residence-and-work-permit
Wiza:
  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
  2. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy, ýagny her aý iň azyndan 500 ýewro tölär ýaly ýagdaýyňyzyň barlygy
Ilçihana barada maglumat: Daniýanyň Orsýetdäki ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlaryna wiza berýär. Ýöne az wagtlaýyn wiza üçin Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutmaly.
Goşmaça maglumatlar
Pul birligi€ = ýewro
Uniwersitetler barada goşmaça maglumat: http://studyindenmark.dk/institutions
Ylmy gözlege aýrylýan pul:Ýurduň ykdysatyýetiniň 8%-i
Daşary ýurtda alynan ylmy derejeleriň kabul edilişi barada maglumat:http://en.ciriusonline.dk/entry
Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt:http://www.eurydice.org
Halkara talyplaryň başga döwletleriň uniwersitetlerinde okamagyna kömek edýän gurama:http://www.isep.org/index.html

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Daniiýada okuw okamak barada maglumatlar: http://studyindenmark.dk/
  3. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php
  4. Daniýanyň bilim ministrliginiň stipendiýasy barada: http://studyindenmark.dk/tuition-and-scholarships/scholarship-scheme