Türkmençe

Polşada okuw

Yazıcı-dostu sürümArkadaşa gönderPDF


Polşada okuw okamak barada maglumat
Ýurduň ady: Polşa
Ýerleşýän ýeri: Ýewropa
Meýdany: 312 müň 679 km2
Ilaty: 38 milýon 500 müň töweregi
Paýtagty: Warşawa
Dili: Polýak dili
Ykdysatyýeti: Ösüp barýan ykdysadyýeti bar.
Näme üçin Polşa?
  • Beýleki ýewropa döwletlerine görä ýaşaýyş arzan bolup ortaça 200-400 ýewro bilen bir aý oňşup bolýar.
  • Okamak üçin 400-den gowrak ýokary okuw jaýy bar we olaryň 100-den gowragynda iňlis dilinde okamak mümkin.
  • Alynan ýokary bilim dünýäniň ähli ýerinde kabul edilýär
  • Okuwyň gapdalyndan beýleki Ýewropa döwletleriniň köpüsinde boluşy ýaly işleme mümkinçiligi bar
Haýsy ugurlarda okamak amatly:
  • Kompýuter tehnologiýasy
  • Matematika
  • Fizika
  • Himiýa
  • Beýleki teoretiki ugurlar
Ýokary okuw derejeleri:
  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-3,5 ýyl
  • Masterlik derejesi: 2-2,5 ýyl
  • Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
Okuw jaýlary barada: http://www.studyinpoland.pl/
Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler:
Okuw we ýaşaýyş üçin pul: Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (ýagny bizden hem) ýyllyk okuw puly iň azyndan 2000 ýewro. Ýaşaýyş puly bolsa aýlyk ortaça 200-400 ýewro töweregi.
Stipendiýa(lar): Erasmus Mundus stipendiýasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Ýaşaýyş ýeri barada maglumat: Aýlyk jaý kireýi umumy ýaşaýyş jaýlarynda 90-120 ýewro arasy. http://www.studyinpoland.pl/index.php?option=com_content&task=view&id=30&Itemid=73
Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada: Polşada galmak üçin saglyk ätiýaçlandyrmasy  hökman bolaýmaly. Goşmaça maglumatlar üçin:www.nfz.gov.pl
Wiza:
  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty.
  2. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy, ýagny her aý iň azyndan 400 ýewro tölär ýaly ýagdaýyňyzyň barlygy
  3. Passport surady: 4 sany
  4. Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument
  5. Okuw puluny töländigiňiz barada dokument
  6. Iňlis dilini bilýändigiňiz barada TOEFL ekzameniniň netijesi.
Ilçihana barada maglumat: Polşanyň Aşgabatdaky ilçihanasy
Azady köçesi 17a, 744 005 Aşgabat, Türkmenistan
telefon: (00-99312) 27 40 35, 27 65 52
gyssagly telefon: (00-99366) 49 71 27
faks: (00-99312) 27 31 22
e-mail: aszchabad.amb.sekretariat@msz.gov.pl
internet sahypasy: www.aszchabad.polemb.net
Goşmaça maglumatlar
Pul birligi Zlotyç ( 1 ýewro takmynan 4 zlotyç)
Uniwersitetler barada goşmaça maglumat: http://www.studyinpoland.pl/index.php?option=com_content&task=view&id=54&Itemid=56
Daşary ýurtda alynan ylmy derejeleriň kabul edilişi barada maglumat: www.buwiwm.edu.pl
Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt: http://www.eurydice.org
Halkara talyplaryň başga döwletleriň uniwersitetlerinde okamagyna kömek edýän gurama: http://www.isep.org/index.html

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Polşada okuw okamak barada maglumatlar: http://www.studyinpoland.pl/
  3. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php