Aziýanyň Ösüş Banky we Ýapon Stipendiýa Programmasynyň stipendiýasy

Yazıcı-dostu sürümArkadaşa gönderPDF
Stipendiýa barada maglumat
Stipendiýanyň ady Aziýanyň Ösüş Banky we Ýapon Stipendiýa Programmasynyň stipendiýasy
Haýsy döwlet tarapyndan berilýär Ýaponiýa
Haýsy wagta çenli dokumentleri tabşyryp bolýar Uniwersitede göra tapawutly, aşakda agzalan uniwersitetleriň internet sahypalaryndan giňişleýin maglumatlary öwrenip bilersiňiz.
Haýsy ugurlarda okamak üçin berilýär Ykdysadyýet, dolandyryş, ylym we tehnologiýa we döwletiň ösmesi üçin peýdaly bolup biljek beýleki ugurlar
Her ýyl näçe kişä berilýär 300 kişi töweregi
Näçe wagtlyk berilýär 1 ýa-da 2 ýyllygyna berilýär
Berilen stipendiýa bilen nirede okap bolýar Dünýäniň 10 döwletinde ýerleşen 20 uniwersitetinde bu stipendiýanyň kömegi bilen okap bolýar (Bu uniwersitetler barada maglumatlar aşakda berildi.)
Stipendiýa üçin gerekli bolan dokumenti nireden alyp bilerin Gerekli dokumenti Word ýa-da PDF görnüşinde alyp bilersiňiz.
Birden köp uniwersitede dokument tabşyrmak mümkinmi? Mümkin, ýöne bu barada stipendiýa dokument tabşyranyňyzda belläp geçiň
Berilen stipendiýa nämeleri töleýär
  • Doly okuw pulyny
  • Aýlyk iýip-içgi pulyny we ýaşaýyş jaýynyň kireýini
  • Okuw kitaplaryny we başga materiallaryny alar ýaly pul
  • Saglyk ätiýaçlandyrmasy
  • Okajak ýa-da ylmy gözleg geçirjek uniwersitetiňize gidiş-geliş ýol puly (ýalňyşmasam ýylda 1 gezekligine)
Maşgalam ýa-da başga ýakynymy getirsem bu stipendiýa olara hem pul tölärmi? Ýok, diňe okaýan kişä pul töleýär
Bu stipendiýa kabul edilmek üçin gerekli bolan şertler
  1. Aşakda ady agzalan uniwersitetleriň birinde uniwersitet soňrasy programma kabul edilendigi barada subutnama
  2. Ýokary bahalar bilen ýokary okuw jaýyny (uniwersiteti ýa-da instituty) gutarandygy barada subutnama
  3. Iň azyndan 2 ýyllyk degişli ugurda iş tejirbesi
  4. Iňlis dilini ýeterlik derejede bilýändiginiň subutnamasy
  5. Dokument tabşyrylan wagtynda 35 ýaşyndan uly bolmaly däl
  6. Saglyk ýagdaýy ýerinde
  7. Kabul edilen ylmy programmany gutarandan soňrä yzyna dolanmagy kabul etmesi
  8. Aşakdaky uniwersitetleriň işgärleri bu stipendiýadan peýdalanyp bilmezler
  9. Bu stipendiýany berýän we gurnaýan edaralaryň işgärleri gatnaşyp bilmezler
  10. Türkmenistanda ýaşamaýan türkmen raýatlarynyň dokumentleri kabul edilmeýär
  11. Bu stipendiýa bakalawr derejesindäki okuwy, az wagtlaýyn okuwy, konferensiýalary, seminarlar, ylmy iş ýazmagy we ylmy gözleg geçirmegi goldamaýar. Bu stipendiýanyň kömegi bilen diňe aşakda ady agzalan uniwersitetlerde masterlik we doktorlyk derejelerindäki okuwyň 1 ýa-da 2 ýylyny goladaýar.
Bu stipendiýa kabul edilmek üçin nazara alynýan şertler
  1. Kişiniň ylmy derejesi we başarnygy
  2. Tabşyran unwersitetiňiziň seçmek üçin ulanýan şertleri
  3. Iň azyndan 2 ýyllyk degişli ugurda iş tejirbesi bolmadyk kişiler seçilmezler
  4. Aýal maşgalalara aýratynlyk berilýär
  5. Pul ýagdaýy pes kişilere aýratynlyk berilýär
  6. Düzgün boýunça öň daşary ýurtda okan talyplar seçilmän biler
  7. Düzgün boýunça ikinji gezek masterlik ýa-da doktorlyk derejesini almak isleýän talyplar seçilmän biler
  8. Dürli döwletlerden talyplaryň bolmasy üçin az gatnaşýan ýurtlaryň talyplaryna aýratynlyk berilip biliner
Haýsy ýurtlarda okap bolýar
  1. Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ)
  2. Australiýa
  3. Filippenler
  4. Hindistan
  5. Hytaý
  6. Pakistan
  7. Singapur
  8. Tailand
  9. Täze Zelandiýa
  10. Ýaponiýa
Aşakda ady agzalan uniwersitetlerde haýsy ugurlarda okamak barada giňişleýin maglumatlar üçin şu sahypa serediň http://www.adb.org/JSP/institutions.asp
Stipendiýany gurnaýjy edarany salgysy ADB-Japan Scholarship Program Office of Cofinancing Operations Asian Development Bank Postal address: P.O. Box 789, 0980 Manila, Philippines E-mail: adbjsp@adb.org Fax: + 63 2 636 24444; + 63 2 636 2456 Web site: http://www.adb.org/JSP/ Visit us: Room 7729 East Asian Development Bank #6 ADB Avenue, Mandaluyong City 0401, Metro Manila, Philippines

 

Aşakda ady agzalan 20 uniwersitetde bu stipendiýanyň kömegi bilen okamak mümkin.


 

Ýokary okuw jaýy Ýerleşýän ýeri
1. Crawford School of Economics and Government (National Centre for Development Studies) Australian National University Canberra, Australia (Australiýa)
2. University of Melbourne Melbourne, Australia (Australiýa)
3. University of Sydney Sydney, Australia (Australiýa)
4. University of Hong Kong Hong Kong, China
5. Indian Institute of Technology, Delhi New Delhi, India
6. International University of Japan Niigata, Japan
7. Keio University International Graduate Programs on Advanced Science and Technology Yokohama, Japan
8. Nagoya University Graduate School of International Development Nagoya, Japan
9. National Graduate Institute for Policy Studies (formerly Graduate School of Policy Science, Saitama University) Tokyo, Japan
10. Ritsumeikan University Graduate School of Economics Kyoto, Japan
11. Saitama University Department of Civil & Environmental Engineering Urawa, Japan
12. University of Tokyo Department of Civil Engineering Institute of Environmental Studies School of International Health Department of Urban Engineering Tokyo, Japan
13. University of Auckland Auckland, New Zealand
14. Lahore University of Management Sciences Lahore, Pakistan
15. Asian Institute of Management Manila, Philippines (Filippenler)
16. International Rice Research Institute University of the Philippines, Los Baños Laguna, Philippines (Filippenler)
17. National University of Singapore Singapore
18. Asian Institute of Technology Bangkok, Thailand
19. Thammasat University Bangkok, Thailand
20. East-West Center, University of Hawaii Hawaii, USA

Ulanylan çeşmeler


  1. Aziýanyň Ösüş Banky we Ýapon Stipendiýa Programmasynyň stipendiýasy: http://www.adb.org/JSP/default.asp