Türkmençe

Irlandiýada okuw

Yazıcı-dostu sürümArkadaşa gönderPDF Irlandiýa
Irlandiýada okuw okamak barada maglumat

Ýurduň ady:

Irlandiýa

Ýerleşýän ýeri:

Günbatar-Demirgazyk Ýewropa

Meýdany:

81 müň 638 km2

Ilaty:

6 milýon 300 müňden gowrak (2009-njy ýylyň hasaplaryna görä)

Paýtagty:

Dublin

Dili:

Irland we Iňlis dilleri

Ykdysatyýeti:

Ösen ykdysadyýeti bar. Kişi başyna düşýän ýyllyk puluň mukdary boýunça dünýäde öňki orunlarda durýar.

Näme üçin Irlandiýa?

  • Irlandiýanyň okuw ulgamy dünýäniň iň oňat okuw ulgamlaryndan biri (IMD World Competitiveness Report 2007)
  • Iňlisçe gepleşilýän döwlet
  • Irlandlar myhmansöýer we olar bilen tiz dostluk gurmak mümkin
  • Ösen demokratik we asuda döwlet
  • Birnäçe kompýuter tehnologiýasynyň öňde barýan firmalarynyň bu ýurtda bir bölegi ýerleşen

Haýsy ugurlarda okamak amatly:

  • Kompýuter we soňky tehnologiýanyň ugurlary
  • Biomedisina we biotehnologiýa
  • Halkara gatnaşyklar (belki gowy ugur bolup biler)
  • Ykdysaduýet (belki gowy ugur bolup biler)

Ýokary okuw derejeleri:

  • Uniwersitet (Bakalawr) derejesi - 3 ýyl
  • Masterlik derejesi -2 ýyl
  • Doktorlyk derejesi – 3-4 ýyl

Okuw jaýlary barada:

http://www.educationireland.ie/

Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler:

Umuman alanyňda gerekli bolan dokumentler Şwed uniwersitetleriniňki ýaly has giňişleýin maglumatlar aşakda berilendir.
  1. Uniwersitetlere giriş üçin gerekli dokumentler edil beýleki Ýewropa döwletleriniňki ýaly (giňişleýin maglumatlar üçin Şwed uniwersitetlerine gerekli bolan dokumentler serediň.)
  2. Iňlis dilini biliş derejäňiz iň azyndan şeýleräk bolmaly:
    • TOEFL: 550 (Kagyzda geçirilýän TOEFL) ýa-da 173 (Kompýuterde geçirilýän TOEFL)
    • IELTS: 6.0
  3. Dokumentleri tabşyrmak üçin gerek bolan pul we tabşyrylmaly wagtlary aşakda berilendir.
  4. Merkezi okuw jaýlaryna dokument tabşyryş edarasyndan gerekli bolan maglumatlary alyp bilersiňiz:
    Central Applications Office
    Tower House
    Eglington Street
    Galway
    Tel:+353 91 509800
    Fax: +353 91 562344
    Website: http://www.cao.ie
    Email: help@cao.ie
  5. Bakalawr soňrasy okuw üçin şu saýta ugrap bilersiňiz.

Goşmaça maglumatlar üçin: http://www.educationireland.ie/

Okuw we ýaşaýyş üçin pul:

Ýewropa birligi we EEA birligine degişli bolmadyk döwletleriň raýarlaryndan (ýagny bizden hem) ýyllyk okuw puly bakalawr derejesi üçin 1-nji hasapda (table) we bakalawr soňrasy okyw üçin 2-nji hasapda (table) görkezilendir.
Ýaşaýyş puly bolsa ýyllyk ortaça öý kireýi bilen bilelikde 7000-10000 ýewro töweregi.

Stipendiýa(lar):

Birnäçe stipendiýalar bar ýöne olaryň köpüsi bize degişli däl. Şonuň üçin hem olar saýhallanyp soňra bu sahypa ýerleşdiriljekdir.

Ýaşaýyş ýeri barada maglumat:

Ýyllyk jaý kireýi 3000-5000 ýewro arasy. Siz öýi şu salgylardan gözläp bilersiňiz:

Saglyk ätiýaçlandyrmasy barada:

Irlandiýada galmaga rugsat almak isleýän kişileriň saglyk ätiýaçlandyrmasy almasy gerek. Saglyk ätiýaçlandyrma guramasyna seredip bilersiňiz

Wiza:

  1. Uniwersitetden kabul edilendigiňiz barada çakylyk haty we bu hatda şu aşakdakylar bellenilip geçilen bolmaly:
    • Okuw doly derejedäki okuw we hepdede iň az 15 sagatlyk okuwy içine almaly
    • Okaýan sapagyňyzy anyk belli edilen bolmaly
    • Okuwa gerekli bolan puluň mukdary ýazylan bolmaly we siziň bu puly eýýäm töländigiňiz hemme bellenilip geçilmeli
  2. Bu okuwy okar ýaly derejededigiňiziň subutnamasy. Mysal üçin Iňlis dilini ýeterlik bilýändigiňiz (gerekli bolan dereje ýokarda bellenilip geçilendir)
  3. Ýeterlik derejede puluňyzyň barlygynyň subutnamasy
  4. Saglyk ýagdaýyňyz barada dokument
Her hepde wizanyň kime berilip/berilmändigi baradaky maglumatlary şu sahypada okap bilersiňiz: http://www.justice.ie. Okamak üçin wiza nomeriňiz gereklidir.

Ilçihana barada maglumat:

Irlandiýanyň Russiýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlaryna wiza berýär. Ýöne az wagtlaýyn wiza üçin Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutmaly.

Dokument tabşyrma wagtlary

Dokumentleri kagyz görnüşinde tabşyrsaňyz

Nyrhy

Iň soň haçana çenli tabşyryp bolýar

Wagtynda tabşyrylan dokumentler üçin

45

Fewralyň 1-i sagat 17:15-e çenli

Giç tabşyrylan dokumentler üçin

90

Maýyň 1-i sagat 17:15-e çenli

Dokumentleri internetden göni tabşyrsaňyz

Nyrhy

Iň soň haçana çenli tabşyryp bolýar

Wagtynda tabşyrylan dokumentler üçin

35

Fewralyň 1-i sagat 17:15-e çenli

Giç tabşyrylan dokumentler üçin

70

Maýyň 1-i sagat 17:15-e çenli

Hasap 1: Bakalawr derejesindäki okuw üçin nyrhlar

Sapak

Ortaça bahasy

Lukmançylyk ugurlary

29,000 - 45,000

Inženerçilik ugry

9,100 - 20,300

Bilim we Tehnologiýa

9,100 - 16,500

Sungat ugurlary

9,100 - 15,500

Ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary

9,000 - 15,500

Hasap 2: Bakalawr soňrasy okuw üçin nyrhlar

Course

Ortaça bahasy

Lukmançylyk ugurlary

12,035- 37,000

Inženerçilik ugry

9,150 - 18,000

Bilim we Tehnologiýa

9,150 - 18,000

Sungat ugurlary

8,900 - 20,000

Ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary

9,150 - 18,800

Goşmaça maglumatlar

Pul birligi

€ = ýewro

Uniwersitetler barada goşmaça maglumat:

Ýewropada okamak barada maglumat berýän saýt:

http://www.eurydice.org

Halkara talyplaryň başga döwletleriň uniwersitetlerinde okamagyna kömek edýän gurama:

http://www.isep.org/index.html

Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Irlandiýada okuw barada: http://www.educationireland.ie/
  3. Irlandiýada okuw barada: http://www.studyabroad.com/ireland.html
  4. Irlandiýada okuw barada: http://www.study-in-ireland.com/
  5. Wiza barada: http://www.embassyofireland.ru/home/index.aspx?id=32334
  6. Erasmus Mundus stipendiýasy barada: http://eacea.ec.europa.eu/erasmus_mundus/index_en.php
  7. Rus dilinde ilçihanadan maglumatlar: http://www.embassyofireland.ru

Yorumlar

Irlandiýanyň Türkmenistanda ilçihanasy açyldy

Ýakynda Irlandiýanyň Türkmenistanda ilçihanasy açyldy: http://www.turkmenistan.gov.tm/_tm/?idr=1&id=100119b
Wiza we beýleki meseleler barada Irlandiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan goşmaça maglumat alyp bilersiňiz.