Türkmençe

Gollandiýada okuw

Yazıcı-dostu sürümArkadaşa gönderPDF

Gollandiýa
Gollandiýa demirgazyk deňiziniň kenaryndaky Germaniýanyň günbatar, Belgiýanyň demirgazyk we Angliýanyň bolsa suw üsti bilen gündogar goňşusy bolan ykjam bir döwlet. Gollandiýa hakynda birnäçe geň-taňlyklar bolsa-da olaryň iň aýratyny bu ýurduň topragynyň çärýegi suw derejesiniň aşagynda bolup demirgazyk deňziniň kenarynda gurulan 3000 kilometrden hem uzyn bolan bir bent (deňiz bendi = sea-dyke) tarapyndan bolup biläýjek tebigy belalardan goranmaga gaýrat edýän bir döwletdigidir. Bu ýurdyň bu günki ady Niderlandlar bolsa-da biziň illerde bu ýurt taryhda meşhur bolan Gollandiýa ady bilen tanalýar.



Gollandiýa
Gollandiýalylara datç diýýärler we bu datçlar hem edil germanlar ýaly gaty takyk (punktual) bir milletdir. Bu döwletiň dünýäde meşhur bolan uniwersitetleriniň ýany bilen bularyň ylyma goýýan maýa goýumlary ýyl geçdikçe artýar, ýöne köplenç biziň illerde bu ýurtdan gaty köp kişileriň bihabardygyny nazara alyp bu ýurduň bilim ulgamyndan bäş kelam söz etmekçi we muny bu ýurt barada gysgaça umumy maglumatlardan başlamagy makul bildim.

Ilaty
Ilaty 16 milliýondan gowrak bolup Gollandiýada birnäçe döwletden gelen millet bolsa-da aglabasyny datçlar düzýär. Döwletiň 12 welaýaty bolup deňiz kenaryndaky welaýatlarynda ilat gaty dykyz ýerleşýär.

Tutýan meýdany
Tutýan meýdany 41,526 km² bolup dünýäniň iň dykyz ýerleşen döwletleriniň arasyna girýär. Bu ýurdyň ygally tebigaty bar we deňiz kenarlarynda diýseň ajap tebigy gözellikleri bolup tokaýlyklara baý bolan bir döwlet.

Dili
Döwlet dili datç dili bolup ýaş nesliň hemmesi diýen ýaly iňlis dilini gowy bilýär. Iňlis dilinden başga-da german we fransuz dillerini bilýänleriň sany hem az däl.

Ykdysadyýeti
Dünýaniň 16-njy uly ykdysadyýeti bolup ykdysady ululygy 600 milliýard dollardan gowrak bolup durýar. Gollandiýanyň ykdysadyýetiniň esasy sütünleri iýmit önümleri, himiki önümler, soňky tehnikalaryň öndürilişi we oba hojalygy bolup durýar. Hatda biziň diýarda-da Gollandiýanyň peýniri, sygyry we güli meşhurdyr.

Ylym
Gollandiýada uniwersitetleriň iki görnüşi bar: uniwersitetler we ýöriteleşdirilen uniwersitetler, ýöne bu ýöriteleşdirilen uniwersitetler käbir döwletlerde uniwersitet derejesinde görülmän biler. Onuň üçin elbetde iň oňady uniwersitetlerde okamakdyr. Bulardan başga-da ýörite daşary ýurtlylar üçin okuw berýän ýokary okuw mekdepleri bar. Soňky döwürde iňlis dilinde berilýän programmalaryň sany 1000-den hem geçipdir we olaryň aglabasy hem uniwersitet soňrasy bilime degişli bolup durýar. Gollandiýa kiçi döwletdigine garamazdan 14 sany uniwersitetinde 200 müňden gowrak talyp okaýar. Bizde institut ady bilen bilinýän Gollandiýanyň ýöriteleşdirilen 45 sany uniwersitetinde jemi 300 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýöriteleşdirilen uniwersitetleriň esasy aýratynlygy bu uniwersitetlerde bakalawr derejesini almak üçin 4 ýyl okamak gerek bolsa uniwersitetlerde bu 3 ýyl we mundan soňra master derejesi üçin okap bilersiňiz bu uniwersitetleriň iki maşgalasynda-da, ýöne ýöriteleşdirilen uniwersitetlerde doktorlyk derejesi üçin bilim berilmeýär. Beýleki döwletlerde doktorlyk adatça 3 ýyl bolsa-da bu döwletde 4 ýyl, elbetde doktorlyk derejesini almak kişiniň geçirýän gözlegine baglydygyny unutmazlyk gerek.

Okuw
Gollandiýada okuw ýyly tomusyň soňky aýynyň soňunda başlap tomusyň birinji aýynyň soňunda gutarýar. Elbetde Gollandiýada bilim Germaniýaky ýaly däl, biraz gymmat, Ýewropa bilelişigine agza bolup durýan döwletlerden gelýänler üçin ýyllyk okuw puly 1500 ýewro, bu bileleşigiň daşyndan gelýänler üçin bolsa bu nyrh has-da ýokary. Onuň üçin bu illerde okamaga alyş-çalyş programmalaryna gerekli dokumentleri tabşyryp olaryň üsti bilen gelmek mümkin. Birnäçe stipendiýa berýän programmalary bolsa-da (stipendiýalar üçin www.grantfinder.nl sitesine göz atyp bilersiňiz) biziň üçin geçerli bolan Tempus programmasy bilen bu döwletde türkmen talyplarynyň okama mümkinçiligi üçin Tempus-yň sahypasyndan gerekli maglumatlar alynyp biliner. Uniwersitetlere girmek üçin gerekli bolan dokumentler her uniwersitete görä üýtgäp biljekdigi üçin uniwersitetleriň sahypalaryndan öwrenilse has gowy bolar, ýöne hemmesi üçin diýen ýaly geçerli bolan dokument bolan iňlis diliniň ýeterliligi synaglary IELTS ýa-da TOEFL synaglarynda alan bahalaryňyz iň azyndan TOEFL üçin 550 (kagyz üstünde) ýa-da 213 (kompýuterde) we IELTS üçin 6. Käbir ugurlarda belli bir almaly talyp sany bolup, bu ugurlara dokumentlerini iberjek kişileriň kabul alynmasy üçin bahalarynyň ýokary bolmagy zerurdyr.

Peýdaly maglumatlar
Germaniýa barada aýdylan zatlaryň aglabasy bu döwlet üçin hem geçerlidir, şol bellenilenlerden başga-da gysgaça aşakdakylarydan habaryňyz bolsa kömegi deger.

  • Gollandiýanyň hem HBO (ýöriteleşdirilen uniwersitet bizdäki institutlar ýaly) diýilýän uniwersitetleriniň ýerine adaty uniwersitetlerde okamak bilen geljekde çykyp biljek nogsanlyklaryň öňüni alyp bilersiňiz.
  • Bu döwletde öýüň bahasy hakynda gürrüň etmäge gerek hem ýokmuka diýýän, çünki öý tapmagyň özi gaty kyn bolansoň, köplenç ýagdaýdaöý tapylan dessine nyrhyna seretmezden diýen ýaly talyplar öýe geçýärler. Onuň üçin öňünden gamyny iýmek dogry bir karar.


Ulanylan çeşmeler


  1. Wikipedia: www.wikipedia.org
  2. Nuffic: www.nuffic.nl